SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MÖW

MÖJ

MÖÝ

MÖL

MÖN

MÖŇ

MÖR

MÖH

MÖÇ


MÖHLET, Belli bir wagt aralygy, wagt, pursat, mütdet. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda gara metallurgiýa zawody örän gysga möhletde ösüp ýetişdi («Ýaş kommunist» gazeti). Annaguly üç gün möhletini gutaryp, kemsiz şaýyny tutdy (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


MÖHLETLI, Belli bir wagt bilen çäklenen, belli mütdetli. Ol alty aýlyk möhletli açylan kursy gutardy (A. Gowşudow, Saýlanan eserler).


MÖHLETLIK, Belli bir wagtlyk, belli mütdetlik.

Bu ýerde gonalgany has uzak möhletlik gurupdyrlar (Gadymy dünýä taryhy).


MÖHRE, Suw degirmeninde  meseneden ýygnanýan ýeri.


MÖHÜM, 1. Gaýra goýulmasyz, zerur, gerekli, ähmiýetli, wajyp. Sowet Döwlet bujeti kommunizm gurmagyň möhüm ýaragydyr («Sowet edebiýaty» žurnaly). Men päk göwnümden saňa möhüm bir zady aýtmakçy welin, dilim diýen etmeýär («Tokmak» žurnaly). Çagalar, biziň Kommunistik partiýamyzyň we Sowet hökümetimiziň geçiren möhüm çäreleriniň hemmesi hem biziň geljegimiz bolan siziň üçindir («Pioner» žurnaly).

2. göç. m. Juda gerek zat, ýumuş. Welmyrat aga, siz meniň birden-bir möhümimi bitirmediňiz1 (N Saryhanow. Saýlanan eserler).


MÖHÜMLILIK, Zerurlyk, ähmiýetlilik, wajyplyk.


MÖHÜR, 1. kön.s. ser. Peçatь. Durdy oňa möhür basylan şahadatnamany görkezdi  (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Stoluň çekerinden bir pasport aldy-da, nika bölüminiň basan möhrüni açyp görkezdi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Ol, çekilen goly tassyk edilip, möhür basylan dil hatyny görkezdi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

2. göç. m. Bir zatdan galan yz, zadyň goýan täsiri. Ýyllar möhürini basýar ýüzüňe, ýigitlik duşuňdan geçýär biperwaý («Tokmak» žurnaly).


 MÖHÜRLEMEK, kön. s. Peçatь basmak, möhür goýmak, tagmalamak. Gogolь Sobakewiçiň obrazynda açgöz, ýolujy kulagyň we reaktsioneriň tipini uly çeperçilik bilen möhürledi (N. W. Gogolь, Eserler). Wagonlaryň agzyny möhürlediler.


MÖHÜRLENMEK, Peçatь basylmak, möhür goýulmak.


 MÖHÜRLETMEK, Peçatь basdyrmak, möhür goýdurmak.


MÖHÜRLI, Peçatь basylan, möhür goýlan. Goltugyňdan bir topar möhürli kagyzlary çykardy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MÖHÜT, Töhmet, myjabat. Ýolli özüniň hile we mekirligi bilen ýok ýerden toslap döreden möhüdiniň bitiren işine şatlandy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

<> Möhüt etmek — töhmet atmak,  garalyk ýapmak, myjabat etmek. Sen kime möhüt edýärsiň? maňa? Gulluhana? Otrýad naçalьnigine? Sen, asyl menden näme isleýärsiň? (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).