SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MÖW

MÖJ

MÖÝ

MÖL

MÖN

MÖŇ

MÖR

MÖH

MÖÇ


MÖR-MÖJEK [mö:r-mö:jek], zool. Bogun bedenli kiçijik haýwanlar, ownujak jandarlar. Krylowyň basnýalarynda adamlar, haýwanlar, guşlar we her hili mör-möjeklýer gatnaşýarlar («Edebiýat»). Ýazyň çykmagy bilen çölde ýylan, içýan, möý ýaly mör-möjeklýer-de görnüp başlaýar («Sowet edebiýaty» žurnaly). Mör-möjekler wyzzyldaşyp uçýardylar ( N. Jumaew , Syrly gala).

<> Içi  mör-möjekden  doly — garaýürek, mekir. Onuň içi ýylan-içýan, mör-möjekden dolumyka diýýän, oňa Guljar beg diýýärler (A. Gowşudow, Saýlanan eserler).