SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MÖW

MÖJ

MÖÝ

MÖL

MÖN

MÖŇ

MÖR

MÖH

MÖÇ


MÖLE [mö:le], Mölerilip duran, uly, ala (göz hak-da). Ol burunlak sesini çykarman, ullakan möle gözleri bilen Gurdy synlaýardy (A. Gowşudow, Mähri— Wepa). Oraz serdar möle gözlerini agdaryp, stoluň üstüne seretdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


MÖLERILMEK [mö:lerilmek], Bir zada ankarylyp durmak, geň galyp, aňkarylyp seretmek. On barmaklaryny hem agyzlaryna salyp, mölerilip durlarmyka?! (H. Ysmaýylow, Powestlýer).


MÖLERMEK [mö:lermek], Bir zada ankaryp durmak, aňkaryp seretmek, geň galyp, aňk bolup durmak.

<> Göz mölermek — ser. G ö z.

Baý ogly galpyl-da düşdi, gözleri mölýerdi (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).


MÖLERTMEK [mö:lertmek], Gözüňi mölertmek, bir zada aňkarylyp seretmek, bir zada geň galyp durmak, aňk bolup durmak. Bir gazykda bagly gara göle gözüni mölerdip seredýär (A. Gowşudow, Köpetdagyň etegin-de). Onuň ýanyndaky gelin gözüni mölerdip, oňa bir zat diýjek ýaly etdi («Tokmak» žurnaly). Goýun gözlerini mölerdipdir («Türkmen ertilkileri»).


MÖLEŞMEK [mö:leşmek], Köp bolup mölemek, bir topar bolup mölemek. Oba aralaşan sygyrlara gözi düşen daňylgy göleler gazyklarynyň daşynda aýlanmak bilen mölejýärdiler (B. Kerbabaew, Aýsoltan).