SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MUB

MUG

MUZ

MUK

MUM

MUN

MUR

MUS

MUT

MUF

MUH

MUŞ


MUBAPYK [muwa:pyk], Ýaraşyp duran, laýyk, mynasyp, degişli. Balyklaryň gurluşy suwda ýaşamak şertlerine muwapykdyr (W. F. Şalaew, N. A. Rykow).


MUGALLYM, Sowat, bilim berýän, okadýan adam, okudyjy. Mugallymlar hormatly adamlardyr («Sowet edebiýaty» žurnaly). Maňa mugallymymyz:—Dilçi bolarsyň — diýýär (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Mugallym oňa bäşlik goýdy («Mydam taýýar» gazeti).


MUGALLYMA, Mugallym bolup işleýän aýal, okudyjy aýal. Men hem okap, ýokary bilim aljakdym, mugallyma boljakdym (A. Gowşudow, Köpetdagyň etegin-de). Suraý mugallymasynyň görkezen ýerine baryp oturdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Mugallyma bolup biri, Känlere aň-bilim berdi (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler).


MUGALLYMÇYLYK, 1. Mugallymyn käri, wezipesi. Bular mugallymçylyk — döredijilik işinde geljekki ussatlarymyzdyr (I. T. Ogorodnikow, P. N. Şimbrew, Pedagogika).

2. Mugallym taýýarlaýan. Mugallymçylyk uçilişesi şäherde görnükli okuw jaýlarynyň biridir («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MUGJYZA [mugjy:za], kön. s. Ajaýyp hal, geň zat, gudrat. Oturan ýeriňde düýşürgäp, mugjyza gördüňmi? (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Kelje bir geň galarlyk mugjyza gören ýaly üýtgedi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


MUGT, 1. Hiç hili çykdajysyz, pulsuz, peşgeş. Mugt berdim.

2. göç. m. Örän arzan, gymmat däl. Sen bolsa lezzeti ýakyndan hem mugt ýerden tapjak bolduň (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


MUGTHOR [mugtho: r], Biriniň hasabyna ýaşaýan, kesekiniň zähmetiniň hasabyna gün görýän adam, ekspluatator. Onuň sahnadaky sabyrly hereketleri, paýhasly düşündirişleri Hudaýberen emin, Salyh işan ýaly mogthorlaryň syrlaryny, hile-mekirliklerini daýhanlaryň arasynda paş edýän merdemsi sözleri tomaşaçyny begendirýär («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MUGTHORLYK [mugtho:rlyk], Biriniň hasabyna, kesekiniň zähmetine ýaşamaklyk. Mugthorlyga kiltini diken Elli Zaman bolsa kolhozçylaryň halal zähmet-ýerinden emele gelen hasyldan ogurlap gezdi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


MOGTHORÇYLYK [mugtho: rçylyk], ser. Mugthorlyk.

Zoologiýa). Ol bu protseslere sahna sungaty üçin muwapyk we tomaşaçy üçin düşnükli bolan özboluşly çeperçilik forma berdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Has bolan, degişli bolan. Gylyk-häsiýeti muwapyk bolan hereket.