MUN |
|||
MUNDIR, Harby adamlaryň, graždanlaryň ýörite formaly tikilen geýimi. Biz hemişe öz biri-birimiziňkide ýygnanyşyp, öz mundirlerimizden başga zat görmeýärdik (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler).
MUNITSPA, Munitsipalitete degişli bolan.
MUNITSIPALIZATSIÝA, Döwlet häkimiýetiniň ýere, gurluşyga bolan hususy eýeçiligi ýerli samouprawlenie organlarynyň ygtyýaryna bermegi.
MUNITSIPALIZIRLEMEK, Munitsipalizatsiýa geçirmek, munitsipalizatsiýalaşdyrmak. Ýeri munitsipalizirlemek.
MUNITSIPALITE'T, Bir näçe buržuaz ýurtlarda: şäher ýerli samouprawlenie organy we onuň ýerleşýän jaýy.
MUNÇA, 1. Şeýle köp, şu mukdarda, şunça. Men munça ogluň enesi (A. Gowşudow, MähriWepa). Muňa munça süýji zady salmak nämä gerek? («Mydam taýýar» gazeti). 2. Munuň ýaly, beýle, şeýle. Munça bolanyna göra, men sizi onuň ýagdaýy bilen tanyşdyraýyn (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).
MUNÇAKLY, ser. M u n ç a. |