SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MUB

MUG

MUZ

MUK

MUM

MUN

MUR

MUS

MUT

MUF

MUH

MUŞ


MUM [mu:m], Bal arylarynyň öýjüginde balyň düýbünde galýan şepbeşik madda; ädikçileriň berklik üçin sapaga çalýan serişdesi, mele reňkli hamyra meňzeş massa .

Mum bölejiklerini aýratyn ýygnaýarlar ( I. Şakalo, Türkmenistanň öňde baryjy pasekasy). Göreşjeň sowet ýaşlary, Mum dek edýändir daşlary (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler). Penjirä golaý goýlan ýazuw stolunyň üstünde içi kagyzdan doly uly papka, daşyna zer çekilen galyň kitap, mumy ýeten dürre gamçy ýatyrdy (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda).


MUMLAMAK [mu:mlamak], Mum çalmak, mum sürtmek. Ädikçi sapagy mumlap, soňra tikip başlaýar.


MUMLANMAK [mu:mlanmak], Mum çalynmak, mum sürtülmek.


MUMLY [mu:mly], Mum çalnan, mum sürtülen. Ana bir dükanda ädikçiler, aýakgapçylar iki dyzlarynyň arasyndaky gönlerden mumly sapaklary eýläk-beýläk çaltlyk bilen çekýärler (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

<> Agzy mumly ýaly — ser. A g y z.

Agzy mumly ýaly, ýöne sülmüräp oturanmyş («Tokmak» žurnaly).


MUM-HELIM [mu:m-heli:m]: 1) mum-helim bolmak — ser. M u m-h elime dönmek.

Gör, indi mum-helim bolşuna seret, ýagşy gygyrjagyny gygyrýar-da, onsoň hem: — Meni bagyşlaň! — diýen bolýar (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

2) mum-helim e t m e k — Örän ýumşak hala öwürmek, gaty owratmak, myžžygyny çykarmak. Süren ýerin edil mum-helim edýär (N. Pomma, Saýlanan eserler). Bäşim elindäki bir bölejik kesegi owradyp, mum-helim edipdi («Kolhoz günleri»).

** Täsir edip meýmýretmek, erk-ygtyýaryny almak, gowşatmak, ýumşatmak.

Men onňn, bilen gürleşip-de durmaryn, ýogsam onuň mylaýymlygy, mehribanlygy meni mum-helim eder (Şekspir, Otello).

3) mum-helime dönmek—1) mum-helim bolmak, ýumşak hala öwrülmek, gaty owranmak, myžžygy çykmak. Gaýrasy gum, ilersi dag, düz meýdan Depelenip, müm-helime dönüpdir (A. Kekilow, Saýlanan eserler); 2) bir zadyň täsiri etmek zerarly meýmiremek,erk-ygtyýaryny aldyryp ýuwaşamak, gowşamak;

4. M u m--helime öwrülmek — ser. M u m-helime dönmek. Iru-giç düşersiň meniň elime, Şonda öwrülersiň muma-helime (D. Baýmyradow, Söýgi we mekirlik). Bu boz meýdan mum-helime öwrülýär.


MUMYÝA [mu:myýa], Dagyň uçut gaýalarynda bolýan, meditsina we önümçilik üçin ähmiýetli gara-gök reňkli jisim. Şol döwügi seýiklärlik tebip tapyljagyna, şol döwügiň sepini kebşirlejek mumyýa el ýetirjegine onuň akyly çatmady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Dagyň ýylçyr gaýasyndaky mumyýa gözüň ýetip durka, şony ele salyp bilmeseň, nebsiň agyrar («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ýigidiň bu görnüşi mumyýadan edilen ýadygärlige meňzeýärdi («Kolhoz günleri»).

<>- Dagdan mumyýa tüpeňlän ýaly — örän kyn, çetin (iş, mesele hakda). Husyt adamdan dilegiň bitirjek bolsaň, edil dagdan mumyýa tüpeňlän ýaly bolýar.


MUMYÝALAMAK [mu:myýalamak], Mumyýa çalmak, mumyýa sürtmek.