MUZ |
|||
MUZD, Edilen iş üçin berilýän pul, zat, iş haky, kireý. Edilen işiňe hiç kim nagt muzd hem tölänok mundan hem bir iş bolarmy? (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Ussa, muzduny ber-de gyssa (nakyl).
MUZDLY, Muzdy bellenen, hak tölenýän, bahaly, kireýli.
MUZEÝ, Taryhy we estetiki ähmiýeti bar bolan zatlaryň ýadygärliklerini ýygnap saklamak we olary jemgyýete sergi edip görkezmek bilen meşgul bolýan edara. |