SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MUB

MUG

MUZ

MUK

MUM

MUN

MUR

MUS

MUT

MUF

MUH

MUŞ


MUSAÝYLAR, ser. Ýewreýler.


MUSALLAT, Başa düşen bela, bela-beter, dert, görgi, garamat. Sen-ä musallat ekeniň, dat Mamagülüň janyna! — diýip, şerebeli sözler bilen gygyryp, jak-jaklap güldi (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).

Jemagatlar! Başymyzdan agyr musallat inipdir. Azana men özüm musallat bolaryn! (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


MUSAPYR [musa:pyr], 1. Başga ýurtdan gelen, çet ýurtly, syýahatçy. Musapyr adam.

2. göç. m. Garyp, pukara, biçäre. Musapyr halda bolmak.


MUSAPYRLYK [musa:pyrlyk], 1. Musapyr ýagdaýda bolmaklyk, çet ýurtlulyk, gelmişeklik 2. göç. m. Garyplyk, pukaralyk, biçärelik.


MUSKAT,  1. Tropik Aziýada ösýän ysly miweli aýratyn agaç tohumy. Portugaliýalylar muskat hozy, mata getirmäge  olary mejbur edipdirler  («Orta asyrlar taryhy»).

2. Üzümiň bir sorty we şol üzümden edilen çakyr.


MUSKUL, Adamlaryň, haýwanlaryň bedenindäki Dokumalardan (etlerden) ybarat hereket organy, myştsa. Ýaşuly baldyrlary çykym-çykym bolup duran tüýlek aýaklaryny we muskullary digir-digir ýogyn gollaryny uzadyp, sekiniň üstünde ýüzin düşüp ýatdy.(N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


MUSKULATURA, Muskullaryň utgaşyklygy, muskullaryň  jemi.


MUSKULLY, Ösen  muskulaturaly, güýçli muskuly bolan. Onuň üstünde oturan gujurly gyzyň muskully gollary maşynyň ruluny seresaplylyk hereket etdirýärdi (B.  Gurbanow, Duşuşyk).


MUSKUS,  ser. Müşk.


MUSLI'N, Ýukajyk ýeňil  mata.


MUSULMAN [musulma: n], Yslam dininiň tarapdary, yslam dinine uýýan.


MUSULMANLYK [musulma:nlyk], Yslam dinini dowam etdirijilik, yslam dinine uýmaklyk. Şeýle musulmanlyk — Eziz hanyň gop berýän musulmanlygy meniň kalbyma syganok (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


MUSULMANÇYLYK [musulma:nçylyk], ser. Musulmanlyk. Musulmançylyk adaty içinde önüp-ösen garry kolhozçy spirtli içgini ömründe agzyna almandy (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).

3. Zakawkazýä araplar bilen birlikde musulmançylyk aralaşmaga başlapdyr (SSSR taryhy).