SÖZLÜG ,, O- HARPY;

OKA

OKG

OKD

OKE

OKK

OKL

OKO

OKT

OKU

OKY

OKÝ


OKGÖZ, «Aýlandy» nagşynyň iki gapdalyndan salynýan dürli reňkli ownujak nagyş.


OKGUN, Güýçli meýil bilen, hyjuw bilen. Maksada okgun meşgullanmak üçin, peýdalanylmaýan rezerwleri ýüze çykarmaga ähli zerur zatlar bar («Türkmenistan kommunistik» žurnaly).


OKGUNLY, 1 Örän çalt, çalasyn hereket edýän, hyjuwly. Arap atlylary duşmanyň üstüne örän okgunly çozupdyrlar (Orta asyrlar taryhy). Sirus okgunly böküp, Onuň golundan tutdy (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda). 2. göç. m. Örän ýiti, güýçli. Okgunly sözleri, örüm saçlary Tor bolupdyr Akmyradyň daşyna. (A. Kekilow, Söýgi). Ilmyradyň şadyýan, okgunly aýdymy uzak wagtlap ýadymdan çykmaýar («Sowet edebiýaty» žurnaly).


OKGUNLYLYK, 1. Örän çalt hereket etmeklik, örän çalasynlyk,  hyjuwlylyk.

2. göç  m. Güýçli täsirlik, örän ýitilik.