SÖZLÜG ,, O- HARPY;

OKA

OKG

OKD

OKE

OKK

OKL

OKO

OKT

OKU

OKY

OKÝ


OKTA'WA, 1. sazç. Gammanyň sekizinji basgançagy hem-de dürli belentlikdäki biri-birine ýakyn bir atly sesleriň arasyndaky interwal. 2. sazç. Örän pes bas, ýogyn ses.

3. edeb. Ilki alty setiri başaşa rifmadaş, soňky iki setiri parallelь rifmaly sekiz setirli bent.


OKTÝABRÝONOK, Pionere girmek üçin taýýarlanýan, mekdebe çenli ýa-da mekdep ýaşyndaky çaga.


OKTÝA'BRЬ I, Kalendarь ýylynyň onunjy aýynyň ady. Pagta zawody geçen ýyl özüniň ýyllyk planyny oktýabrь aýynyň içinde ýerine ýetirdi («Sowet edebiýaty» žurnaly). Oktýabrь aýynyň on dördi gijesi daňa golaýlaýardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


OKTÝA'BRЬ II, Beýik Oktýabrь sotsialistik rewolýutsiýasy we onuň 7-nji noýabrdaky (26-njy oktýabrdaky) ýyllygy. Bular Oktýabryň beren miwesi, Biz gazandyk, bizdirs oň eýesi (N. Pomma, Saýlanan eserler). Oktýabrь güneşi gara buludy böwüsdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).