SÖZLÜG ,, O- HARPY;

OKA

OKG

OKD

OKE

OKK

OKL

OKO

OKT

OKU

OKY

OKÝ


OKUW, 1. Bir bilimi, endigi özleşdirmeklik, türgenleşdirmeklik. Hoşgeldi, ýogsa-da seniň gutaran okuwyň haýsy ugurdandyr? (A. Gowşudow, Könetdagyň eteginde). Gaýybanaçylaryň okuwynyň soňky günleriniň biridi (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Okuw azat, bilim azat, gol azat, Halkyma guwançly seretdi kanun (N. Pomma, Saýlanan eserler).

2. Aýry-aýry predmetlere bagyşlanan sapak. Ilkinji günde okuwdan gijä galaýmaýyn birden (A. Atajanow, Permanyň mamasy).


OKUWLY, Okuw öwrenen, bilim alan, ylymly, okumyş. Gajar aganyň dostlarynyň hemmesi okuwly, bilimli, hünärli adamlar bolup ýetişipdirler (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Eje, uly il öz maşgalalaryny okuwly, ylymly etjek bolup jan edýär (A. Gowşudow, Eserler).


OKUWLYLYK, Sowatlylyk, bilimlilik, ylymlylyk.


OKUWSYZ, Okuw öwrenmedik, bilim almadyk, ylym-syz. Okuwsyz, bilimsiz türkmen aýaly, Onuň azatlyga köpdür hyýaly (Mollamurt, Saýlanan eserler). Öňki wagtlarda türkmen halkynyň hemmesi diýen ýaly okuwsyzdylar.


OKUWSYZLYK, Sowatsyzlyk, bilimsizlik. ylymsyzlyk. Okuwsyzlyk körlükdir (B. Purlpew, Ilkinji gün).


OKUWÇY, 1. Bilim almak üçin mekdepde okaýan ýa:da bir hünäri, seneti öwrenmeklik bilen meşgul bolýan adam. Aýsoltan Begenç bilen bir mekdebiň okuwçysy (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Sylaglanjak okuwçylaryň içinde Mehrijamal hem bardy (A Gowşudow, Eserler).

2 Biriniň ýolbaşçylyk etmeginde ylym alyp, onuň taglymatyny dowam etdirýän adam, şägirt.Beýik alymyň okuwçysy.


OKUDYJY, ser. M u g a l l y m.


OKUDYJYLYK, ser   M u g a l l y m ç y l y k

OKULI'ST, med. Göz kesellerinden spetsialist, wraç

OKULÝA'R, Optiki gurallaryň syn edijiniň gözüne tarap garap duran aýnasy.


OKUMA, med. Eliň barmaklarynyň ujuna çykýan ýiti agyryly ýara, panaritsiý.

Heý, ylahym, eliňe okuma çyksyn — diýen gargyş bilen içerik kursäp urdy (B. Keobabaew, Aýgytly ädim).


OKUMYŞ, 1. Köp okan, ylymly, alym. Keýgim, siz okumyşsyňyz, agy-garany bizden gowy saýgarýansyňyz (B. Kerbabaew, Aýsoltan) Asyl okumyş adamynyň sözleri bir başga, ap-aýry bolaýar (A. Gowşudow. Powestler we hekaýalar).2. göç. m. Köpbilmişlik, mekirlik edýän.


OKUNMAK, Hasap egmek, oý etmek. Pökgen seni duşman okunýar, şony sen pugta biläý — diýdi. Biderek ýýerden duşman okunmak kime gerek! (A Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


OKUN, zool Aşaky ýüzgüji gyzgylt, süýji suw balygy. Okunь derýalarda we köllerde ýaşaýar (W F Şalaew, N A Rykow, Zoologiýa).