SÖZLÜG ,, O- HARPY;

OKA

OKG

OKD

OKE

OKK

OKL

OKO

OKT

OKU

OKY

OKÝ


OKLAW, Hamyr ýaýmak üçin ulanylýan uzyn, ujy inçemik togalak agaç.

<> Oklaw ýaly—dos-dogry, gös-göni. Köçeleri hem giň we edil oklaw ýaly gönüdi (A. Gowşudow, Eserler). Posiologyň oklaw ýaly göni köçelerini gündizlige öwrüp, Ilьiç çyralary obanyň görküne görk goşýardy (B. Pürliew, Ilkinji gün).


OKLAMAK I, Bir zady bir ýere zyňmak, taşlamak. Olar gykuwlaşyp, telpeklerini göge oklamaga başladylar (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Aman ýaga sakgaldaşynyň kädisini oňa oklady («Sowet edebiýaty» žurnaly).


OKLAMAK II, Ot açýan ýaraglaryň agzyna ok bermek, ok doldurmak, ok sürmek. Bolgusyz gürrüňleri goý-da, tüpeňleri okla . («Türkmen pьesalary»).


OKLANMAK I, Taşlanmak, zyňylmak.

OKLANMAK II, Ot açýan ýaraglaryň agzyna ok sürülmek.Tüpeňler oklandy

OKLATMAK I, Zyňdyrmak, taşlatmak.

OKLATMAK II, Tüpeňe ok saldyrmak. Tüpeňi okladyp goýmak gerek.


OKLAŞDYRMAK I, Yzly-yzyna oklamak, hemmesini taşlap çykmak. Ol gyýkyndy demirleri bir böwre oklaşdyryp durmakdan  başga iş etmedi. Çöregiň arkasyny gazaşdyryp,  saçagyň üstüne oklaşdyrdy.(A. Durdyew, Saýlanan eserler).


OKLAŞDYRMAK II, Ok salyp çykmak, hemmesini oklamak, ok dolduryşdyrmak.

OKLAŞMAK I, Oklamaga, taşlamaga  kömekleşmsk, oklamak.  Oklaşyp pökgi oýnamak.

OKLAŞMAK II, Ok atýan ýaragyň agzyna ok berişmek, ok dolduryşmak.


OKLUKIRPI, zool. Gemrijiler otrýadyndan bolan bedeni syh-syh, ala, uzyn tikenli sýtemdiriji haýwan. Oklukirpi çeşmeden suw içmäge hyýallandy («Mydam taýýar» gazeti).