SÖZLÜG ,, O- HARPY;

OKA

OKG

OKD

OKE

OKK

OKL

OKO

OKT

OKU

OKY

OKÝ


OKO'P, Atyşykda okdan goranmak üçin ýörite gazylan we öňüne gum üýşürilen çukur, garym. Iki tarap hem okoplar, garymlar gazyp, goranyşa taýýarlyk görýärdi (H. Ysmaýylow, Powestler). Iki dogan bir okop-da Goradylar Moskwany («G. Seýitliew, Saýlana» eserler).


OKOÇNIK. oba h. Ekiniň hatar aralaryny ýumşadýan gural, otag maşyny. Pökgen mala hem okuçnik ýaly gurallary saraýyň öňünde goýanlary üçin, kimlýerden-dir käýinýärdi (A Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Okuçnik, tirkelgi traktor ýöredilip, ekinleriň düýbi ýumşadylypdyr («Kolhoz günleri»).