SÖZLÜG ,, O- HARPY;

OWA

OWD

OWJ

OWK

OWL

OWM

OWN

OWR

OWS

OWU

OWF

OWÇ

OWŞ


OWADAN, Daşky görnüşi boýunça ýakymly, görmegöý, gelşikli. Özüniň medeniýetliligi we owadan posýology bilen bütin respublikamyzda şöhratlanýan «Täze  ýol» kolhozynyň aýdyň, ýagty geljegi bar («Sowet Türkmenistany» gazeti). Dursun aýratyn owadan gyzdy (H. ismaýylow, Powestler). Haty owadan ýazmak.


OWADANLAMAK, Owadan görnüş bermek, owadan etmek, bezemek. Jaýyň bir näçe böleklerini pökgi şekiller bilen owadanlapdyrlar (Gadymy dünýä taryhy).

<> Söz owadanlamak—şelaýyn sözlýer tapmak, aýtmak. Ony özüňe çekmek maksady bilen sözüňi owadanlap başlamaly (B. Kerbabaew Aýgytly ädim).


OWADANLANMAK, Owadan görnüşe girmek, gelşikli bolmak, owadan bolmak. Häzir görseň, ol daýanypdyr, owadanlanypdyr (R. Alyew, Sülgüniň hatlary).


UWADANLATMAK,   Owadan  görnüş   berdirmek, gelşikli, şekilli etdirmek. Jaýyň daş ýüzüni owadanlatmak.


OWADANLAŞMAK, Gitdikçe gelşikli, şekilli, owadan bolup başlamak. Şähýeriň görki barha owadanlaşýar.


OWADANLYK, 1. Daş görnüşi boýunça görklülik, görmegeýlik. Şeker, dünýäde owadanlyk adama käwagt betbagtlyk hem getirýär ekeni.! (R. Alyýew, Sülgüniň  hatlary).

Berdiniň daş görnüşinde bir hili gelişiklilik-owadanlyk peýda bolupdyr («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Gelşiklilik, timarlylyk, rejelilik, gözellik, bezeglilik. Gör nähili owadanlyk! (G. Muhtarow, G Seýitliew, Çopan ogly).


OWAZ, [owa.z], 1 Bogaz perdeleriniň titremegi netijesinde emele gelýän ses. Daşarda bir adamzadyň owazy gelýär («Görogly» eposy). Çekimli sesler diňe owazdan ybaratdyr.

2. Sazyň, aýdymyň ýakymly labzy, sesi. Owazyň dolduryp töwýerek-daşa, Gyzykly heňleri çalgyn, tüýdügim! (Ş. Kekilog, Saýlanan eserler). Surnaýyň hem-de depregiň owazy astynda drujinanyň baýdagy çykaryldy («Pionýer» Žurnaly).

3. Bir zadyň güňleç sesi. Birdenkä gudogyň batly owazy şähýere ýaýrap gitdi («Sowet Türkmenistany» gazeti).

4. Bir zat hakda bolan habar, gürrüň. Zähmetkeş daýhana dikip gözleri, Owazyn äleme ýetirýär gazet (Mollamurt, Saýlanan eserler.


OWAZA [owa.za], Biriniň ýa-da bir zadyň dabarasy, tarypy, şöhraty. Owazasy ýeriň ýüzüni tutan (Ata Salyh, Saýlanan eserler). Owazasy il içine dolupdy (B. Kerbabaew, Aýgypy ädim).


OWAZLANMAK [owa:zlanmak], Owaz çykarmak, seslenmek, ses çykarmak. Barmaklar degende, erşileň bary, Owazlanýar göýä dutaryň tary («Sowet edebiýaty» Žurnaly).


OWAZLY [owa:zly], Ýakymly,  mylaýym  sesli.


OWAL, ser O z a l. Owal aglap gezdiň baýlar ýanyn-da, Indi biz hem bolduk adam sanynda (Mollamurt, Saýlanan eserler) Belki, sen ýadyňda, owal ýazypdym, Atyjyilyk nyşanyny alanmy (N. Pomma, Saýlanan eserler).


OWAL-AHYR [owal-a:hyr], Önde-soňda, ahyr soňun-da, iň soňy. Owal-ahyr ýerine ýetirilmeli bolsa, edip gutaran ýagşy.


OWALKY, ser. O z a l k y. Döredijiliginiň uruş-dan owalky döwründe Ata Gowşudow bir näçe hekaýa, felьeton ýazdy (A Gowşudow, Eserler). Indi görgül, bu bäş günlük dünýäde Owalky döwranyň ötdi, Meňli han (Mollamurt, Saýlanan eserler).


OWARRA, Daş aralyk, uzak aralyk, uzak ýer, daş, uzak. Öýüň gapdalynda suw barka, ony owarradan ýük edinip getirmegiň gýeregi ýok («Sowet edebiýaty» jurnaly). Geljek harasat özümi owarra alyp gidermikän diýip pikirlenýärin («Mydam taýýar» gazeti).

<> Owarra bolmak — gümüňi çekmek, ýok bolmak, jähennem bolmak, ygyp gitmek. Ýeri, owarra bolsana, gyz! Saňa näme gerek? Potdy, özbaşyna ýaňrap durma--da, owarra bol! (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

<>Owarra e t m e k — ýok etmek, güm etmek. Owarra et, ýaraşmaz, komsomollyk adyňa (D. Agamämmedow, Goşgular we pьesalar).


OWARRAM [owarra:m], Näme bolsa şol, bolsa bolsun, aýby ýok, jähennem, goý. Gel-gel bu zatlary owarram diýsem, indikiň näme? (N Pomma, Taýlak hyzzyn). Owarram dökülse, bol basymrak! («Sowet edebiýaty» Žurnaly).


OWA'TSIÝA, Joşgunly gutlag, şowhunly el çarpyşyk. Leniniň sözüniň iň soňky sözleri şowhunly owatsiýanyň arasyna siňip gidýär («Sowet edebiýaty» jurnaly).