SÖZLÜG ,, O- HARPY;

OWA

OWD

OWJ

OWK

OWL

OWM

OWN

OWR

OWS

OWU

OWF

OWÇ

OWŞ


OWKALAMAK, 1. Bedeniň bir ýerini el bilen gysyşdyryp owmak, endamyň agyrýan ýerlerini basyşdyrmak, massaj etmek. Çigräk degen ellerini olar çendan owkalaýardylar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).Owkalady hassaň elin, Ýalkap dogan ýaly bolup (Çary Aşyr, Poemalar).

2. Bir zady gysyşdyryp owratmak, eliň aýasyna salyp mynjyratmak, külke etmek, hapasyny aýyrmak. Kendir tujurkasynyň eteginde gatan laýy owkalady («Sowet edebiýaty» Žurnaly).

3. Eýini ýetirmek üçin çekişdirip ýumşatmak, eliň bilen owmak.


OWKALANMAK, 1. Bedeniň bir ýeri el bilen basylyp owulmak, massaj edilmek. Onuň el-aýagy owkalandy.

2. Gysyşdyrylyp owradylmak, mynjyradylmak.

3. Eýi ýetirilmek üçin çekişdirilip ýumşadylmak, el bilen owulmak.


OWKALATMAK, Bedeniň bir ýeri el bilen basyşdyrmak, owdurmak. Ejem ikimiziň el-aýagymyzy owkaladyp, arkamyza çykdyryşymyzy aýdyp-da durjak däl (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


OWKALAŞMAK, Biri-biriňi owkalamak, owkalamaga kömekleşmek.


OWKAT [owka:t], 1. Gün-güzeran, ýaşaýyş üçin iýmit. Men seniň dokanja bir alaçaňy satyp, owkat edip otyryn. Meni öňki owkadymdan aýrarsyň («Görogly» eposy).

2. dial. Nahar.