SÖZLÜG ,, O- HARPY;

OWA

OWD

OWJ

OWK

OWL

OWM

OWN

OWR

OWS

OWU

OWF

OWÇ

OWŞ


OWNAMAK, 1. Böleklýere bölünmek, maýda-maýda bolmak, owranmak, uşamak.

Bu taýda bolsa hemme zatlaryň böleklýere bölünýändigini we ownaýandygyny görýärdi (M. Gorьkiý, Ene). 2. Barha kiçelmek, ownuk bolup uşap başlamak. Adamlar ýylsaýyn ownaýan ýalydylar, tire bütinleýin ýitip gitmäge golaýlaşypdy («Sowet edebiýaty» Žurnaly).

3. Ähmiýeti peselmek, pese gaçmak, ugry gaçmak. Pahaý, gürrüňimiz-ä juda ownad-ow, ullakan kolhoz hojalygyndan gelip, bar biziň hojalygymyza düşdi (A. Gowşudow, Eserler). Ol soňky wagtlar has ownap başlapdyr, bolgusyz zatlary hem agzyna alýar.


OWNATMAK, Ownuk etmek, böleklýere bölmek, maýda--maýda etmek, böleklemek, maýdalamak, uşatmak.


OWNUJAK, Has ownuk, örän ownuk, maýda, kiçi. Ýumurtganyň sarysynda diňe mikroskop astynda gorünýän örän ownujak sarylyk şarjagazlary peýda bolýarlar  (A. N. Kabanow, Adamyň anatomiasy we fiziologiýasy). Ownujak dogralan et onuň işdäsini açdy.« («Sowet edebiýaty» Žurnaly).


OWNUK, 1. Iri däl, uly däl, uşak. Ownuk galalaryň, hanlary-da öz nökerleri  bilen muňa    goşulyp gaýdýarlar. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Ozalky on bir sany ownuk ýabyň dýeregine kanal salyndy. («Sowet edebiýaty» Žurnaly).Drobь sanlar tutuş bir zadyň ownuk bölegini görkezýärler.

2. Ähmiýeti bolmadyk, ujypsyz, ugursyz.Onuň özüni alyp barşyna Enäniň ünsüni özüne çekýän   kän ownuk zat peýda boldy (M.  Gorьkiý, Ene). Ownuk mesele. owbuk gürrüň. Ownuk alada.

3. Jemgyýetçilik we ykdysady taýdan ähmiýeti uly bolmadyk, kuwwaty az bolan. uly ýer eýesi ownuk öndürijini öz häkimligine tabyn edipdir. (SSSR taryhy). Ownuk hojalyk.  Ownuk kapitalistik hojalyk.

<>Ownuk   adam — ser. A d a m.


OWNUKLAMAK,  1. Öňki bolşundan ownap başlamak, öňküsinden ownuk  bolmak,  kiçelmek,   uşaklamak maýdalamak  Iri damjalar barha  ownuklap, hakyky siňňitli ýagşa öwrüldi .  («Sowet edebiýaty» Žurnaly).

2.  göç. M. Ownuk-uşak zada üns bermek, sähelçe zada üns bermek. Maýdaçyl, uşakçyl bolmak,  bolgusyzlyga öwrülmek.


OWNUKLATMAK,  Öňki  bolşundan ownatmak, uşaklatmak.


OWNUKLY-IRILI  [ownukly-i:rili], 1. Ululy-kiçili, maýdaly-irili. Ýeke galan şu jaýda ýaşaýan maşgalanyn iki-üç sany owkukly-irili çagalary oşikde oýnaýarlar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).Şol  mahal hem ownukly-irili keýik sürüsi ökje göterip gözden ýitip gidýärler.(A.Gowşudow, Eserler).

2. göç. m. Ownuk-uşak ähmiýeti bolan. Şular ýaly awnukly-irili kemçilikler gurluşygyň bir näçe obýektleriniň wagtinda gutarylmagyna päsgel berýär.Ownukly-irili kemçilikleri tiz düzetmek gerek    («Sowe edebiýaty» Žurnaly).


OWNUKLYK,   ser.  O w n u k ç y l l y k.


OWNUK-UŞAK, 1. Onçakly uly däl, uşak-düşek, maýda-çüýde. Ilki ol Wepaniň ýaralaryny daňyşdyrdy, soň özüniň ownuk-uşak ýaralaryny daňdy. (A. Goşudow, Eserler). Öý üçin ownuk-uşak zat aldym. (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda).

2. Ähmiýeti az bolan, bolgusyz, ähmiýetsiz. Beýle ownuk-uşak zatlaryň gürüňini edip ýörenden,    sapaklaryňyza gowrak taýýrlanyň! — diýip, jogap   berýär    («Tokmak» jurnaly). Ownuk-uşak kemçilikleri görkezmek bolar.    («Sowet edebiýaty» Žurnaly).


OWNUKÇYL, Ownuk-uşak zada üns berýän, sähelçe zada üns berýän, ownuk zatlara baş goşýan, Maýdaçyl. Patriarhal  pomeşik  ukladynyň häsiýetli figurasy "Koroboçka samsyk, gysganç, ownukçyl, müňkür adamdyr. (N. W   Gogolь, Eserler).


OWNUKÇYLLYK,  Ownukçyl  bolmaklyk,  ownuklyk etmeku1ik, maýdaçyllyk, uşaklyk.