SÖZLÜG ,, O- HARPY;

OWA

OWD

OWJ

OWK

OWL

OWM

OWN

OWR

OWS

OWU

OWF

OWÇ

OWŞ


OWUZ, Täze guzlan malyň ilkinji süýdünden bişirilen önüm.

<> Owuz süýdi — täze guzlan malyn, ilkinji süýdi. Düýesiniň owuz süýdüni sagan Aýna öýe girdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


OWULMAK, 1. Külke bolmak, owranmak, maýdalanmak. Jübüsinden owlan temmäki külkesini çykardy. 2. Owkalanyp mynjyradylmak, ezilmek. Bu tabakda gurt owuldy.

3. Muskullar zerzaw bolmak, gury agyrmak, agyrmak. Gapyda guma bulaşyp oturan Aýnanyň saçlary dagynykdy, tozan siňen solgun ýüzi çytykdy, gamçy degen, symsyklanan göwresi owlupdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


OWUNTYK, Bir zadyň ownujak bölekleri, düwür--düwür bolan bölejikleri, dänesi, külke. Gülendam çörek owuntygyni alyp, elinde mynçgalaýardy. Ýarylan bombanyň owuntyklary telim ýerimden ýüzleýje ýara salyp gidipbir («Sowet edebiýaty» Žurnaly). Dişiňziň arasynda çörek we et owuntyklary galan mahalynda, ony çöpjagazlar, sim bölejikleri bilen gorjamak bolmaýar («Mydam taýýar» gazeti).


OWURT, 1. Iki ýaňagyň iç ýüzi, iç boşlugy. Ol aşaky dodagyny dişledi, owurtlary ýumralan ýaly göründi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Iki owurdyny çörekden dolduryp, sapagyny taýýarlamaga başlady («Pioner» Žurnaly).

2. Agyz boşlugy, agyz. A, men bolsam owurdymda suw bar ýaly dymýaryn. (B. Pürliew, Ilkinji gün).

<> bir owurtjyk — azajyk, sähelçe (içmek üçin çaý, suw we ş. m. hakda).


OWURTLAMAK, Owurda alyp içmek (suwuklyk hak-da). Men Onuň göwni üçin çaldan üç-dört owurtladym (N. Pomma, Sebäbini soň bildim). Garly ussa kesesine guýan çaýyny owurtlady (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Stakana suw guýdy-da, ony haýaljak owurtlap içip başlady («Sowet Türkmenistany» gazeti). Ahmedi çaýyndan bir gezek owurtlady-da, sözüni dowam etdi (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda).


OWURTLANMAK, Owurda alnyp içilmek (suwuklyk hakda).

OWURTLATMAK, Owurdyna aldyryp içirmek, azajyk içirmek. Suw owurtlatmak.

OWUÇ, Bir eliň iç tarapa bükülen boşlugy. Bir owuç un. Bir owuç gowurga.

OWUÇLAMAK, Owuç bilen almak, owujyňy doldurmak.

OWUŞMAK,   Owmaga   kömekleşmsk.   Gurt  owuşmak.