SÖZLÜG ,, O- HARPY;

OWA

OWD

OWJ

OWK

OWL

OWM

OWN

OWR

OWS

OWU

OWF

OWÇ

OWŞ


OWLAK, zool. Geçiniň, keýigiň alty aýlyga çenli çagasy. Ol, jýeren owlagynyň ulalandan soň hem coli ýadyndan çykarmaýşy ýaly, obany unutmaýardy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Bökjekleşýär marallaryň owlagy (N. Pomma, Saýlanan eserler).

<> Ak geçiniň owlagy — özgelýerden «artyk». Daňatar — arçynyň ogly boldugy, ak geçiniň owlagy boldugymy? (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


OWLAKGAPDY. kön. s. Bir näçe atly bolup, damagy çalnan owlagy gapyp alyp, saýlanyp çykyp bilmek oýny, gökböri.


OWLAK-GUZY, Owlak hem guzy, goşulan guzy hem owlak. Jarçylar owlak-guzy ýaly mäleşýärdiler (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Meniň owlak-guzy bakýan oglan wagtymdy (Myraly). Bibi hem sagym gutaransoň, owlak-guzular bilen güýmenip ýördi («Türkmen pьesalary»). Owlak-guzy, goýun-geçi mäleşip, mälim edýär görmändirler çigyry ( N Pomma , Saýlanan eserler).


OWLAKLAMAK,  Guzlamak (geçi, keýik hakda).