SÖZLÜG ,, Ö- HARPY;

ÖTG

ÖTE

ÖTL

ÖTM

ÖTR

ÖTÜ

ÖTÄ


ÖTE, Çakdanaşa, hetdenaşa, artyk, beter, aşa, gaty. Artyk ondan hem öteräkgygyrdy (B Kerbabaew, Aýgytly ädim). Güýçden öte güýç bardy(«Sowet edebiýaty» žurnaly).

<>Öte geçmek — hetden aşmak, çenden çykmak, gereginden artyk gürlemek ýa-da hereket etmek. Hoşgeldi bu gürrüňlerden Çary aganyň gazanylan üstünlige aşa buýsanyp, öte geçmeýänini aňlady (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

Öte gitmek — ser. Öte geçmek.

Öte gitseň ökünersiň  (nakyl).

Öte düşmek — ser   Öte   geçmek. Geliň, faktdan öte düşmezlik üçin, olary barmak basyp sanalyň  («Tokmak» žurnaly). Nury diýer sözüm lap däl, eý eziz dostum, Ata! näili taryp   etsem, düşmerin asyl öte! (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler).

Öte  eşitm e k — nädogry eşitmek, ýalňyş eşitmek. Men onuň soraglaryny öte eşitdim (N  Pomma, Sebäbini soň bi1dim).

Öte eşiden öý ýykar, çala eşiden—çatma (nakyl).


ÖTEGÇI, Geçip gidip barýan, geçegçi, ýolagçy. Ötegçileriň seslerini çykarman uludan dem almaklary bolsa, şol wagşylyga joşýan gahar alamatyr (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ötegçi bolsalar, goý olar arkalaryndaky köne adatyň ýüklerini-de bize miras galdyrman, özleri bilen alyp gitsinler (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

ÖTELGE, ser   G e ç e l g e.


ÖTEN, Öň geçip giden, öň bolup geçen, öňki, ozalky, geçen. Ol, birden öten wakalary gozgady. Öten Moskwadan geldim («Sowet edebiýaty» žurnly).

<>Öten  zaman gram. işligiň geplenýän öň bolup geçen hereketi görkezýän zaman formasy . Men kitaby okadym.