SÖZLÜG ,, Ö- HARPY;

ÖTG

ÖTE

ÖTL

ÖTM

ÖTR

ÖTÜ

ÖTÄ


ÖTMEK, 1. Geçip gitmek, gapdalyndan, üstünden geçmek. Ýetip hem durmadym, duşundan ötdüm («Tokmak» žurnaly). Agaryp ýatan meýdanyň üstünden öten badymyza ýaşaýyş jaýlary göründi («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Geçmek (wagt hakynda). Ýene bir ýyl ötensoň, men hem mekdebe gitjek («Mydam taýýar» gazeti), 3. Ozup geçmek, öňe geçmek, ýeňmek, ozmak. Ýaryş gurup, sen ýaryşda ötersiň, Üstünlikden-üstünlige ýetersiň (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler).

4. Satyn alynmak, satylmak, geçmek. Harytlaryň ötmän galjagy ýok.

5. göç. m. Ýaşap geçmek, ölüp gitmek. Danteniň gumanizmiň öň ýanynda ötüp geçen adamdygy bildirip dur (Orta asyrlar taryhy).

6. Bedene ýiti täsir etmek, awuşatmak, agyrtmak. Sogan arassalanyňda göze ötýär. Göze guýlan derman ötýär. Ýod ýara ötýär.

7. Günäsini geçmek, bagyş etmek, ýazygyny bagyşlamak.

8.Kesip bilmek, gowy kesmek (palta, pyçak we ş. m. hakda).

<> Dişiň ötmek — ser. D i ş. Seniň oňa dişiň ötmez, şu aýdan sözleriňi ýanyňda aýdyp hem bilmersiň.

Dünýäden ötmek — aradan çykmak, wepat bolmak, ölmek. Şähere bu salkyn kölegeli bagy beren bagban bir wagt dünýeden ötdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Sözüň ötmek — ser. Söz. Sözüň ötjek adamlar bilen gürleş! («Sowet edebiýaty» žurnaly).