SÖZLÜG ,, Ö- HARPY;

ÖTG

ÖTE

ÖTL

ÖTM

ÖTR

ÖTÜ

ÖTÄ


ÖTÜK, Haýatyň, diwaryň aşagynda goýulýan geçelge, sümelge, suw akar ýaly deşik. Öň ýanyndaky suw geçýän kiçijik ötükden iňňildi sesi Merediň gulagyna ildi (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Bu baga suw akyp girýän bir ötük bardy («Görogly» eposy). Olar garaňky ötükden çykdylar («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ÖTÜLMEK, Geçilip gidilmek, gapdalyndan ýa-da üstünden geçilmek.

<> Günäň ötülmek — ser. Günä. Onuň günäsi ötüldi.


ÖTÜNMEK, Ötünç soramak, towakga etmek, haýyş etmek, eden ýalňyşyňy gaýdyp almak. Aşyr iň soňunda, çaý başynda Artykdan uzur ötündi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ÖTÜNÇ, Günä bagyşlanmagy üçin edilýän towakga, haýyş, arz, uzur. Gorkuzmady asyl sowet gyzyny, Ötünç diläp, epmedi ol dyzyny (A. Atajanow, Iki poema). .


ÖTÜRILMEK, 1. Geçirilip göýberilmek, ugradylmak. Ýakyn ýol bilen ötürilmek.

2. Bir zadyň içinden geçirilmek. Iňňä sapak ötürilmek.

3. Dakylmak, geýdirilmek, ildirilmek. Köýnegiň ilikleri ötürildi. Janar dulda çüýden ötürilip asylan goşa gözi düşen-den — Şu gün-ä awa gidiläýse-de biçeme däl eken! — Diýdi.


ÖTÜRMEK, 1. Geçirip göýbermek, üsti bilen ýa-da içi bilen äkitmek. Harytlary Russiýanyň    içinden  ötür-de, Ýewropa ýetir  (M. Ibrahimow, Ol gün geler).

2.Bir zadyň içinden geçirmek. Ol ertir irden ejesi we Kakasy bilen hoşlaşyp, düwünçekli ýaglygyna taýagy ötürip egnine atdy-da, Gyzyl Goşun gullugyna kabul edilýän punkta ugrady (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

3.Bir zada ikinji bir zady geýdirmek, ildirmek. Barmakra ýüzük ötürmek.

4. Belli bir  wagty geçirmek. Kalizmiň öz möwritini ötürendigi aýdyň görünýär. («Sowet Türtkmenistan» Gazeti).

5. Iş başarjaňlyk we ş m.taýdan birinden artdyrmak, öňe geçmek. Elbetde,  degýär, ýoldaş Sähedow!  Ogul öz kakasyndan ötürip barýar (G. Muhtarow, Pьesalar).

<> Göz  öňün-den ötürmek — ser G ö z.  Geljeklerin göz öňünden ötürip, Gurrüň durmuş -- gurmaklyga ýetişdi (R. Seýidow, Bagtlylar).


ÖTÜŞMEK, 1. Bir zadyň wagty geçişmek, möhleti geçmek.

2. Gaty bişip zaýalanyp başlamak (ir-iýmiş hakda). Bu garpyz birneme ötüşipdir.

3. Düýp tutmak, beterlemek (kesel hakda). Ötüşen halatlarda bu keselleriň ömürlik bolup galmaklary mümkin (S. O. Dulitskiý, Rahit).