SÖZLÜG ,, - HARPY;

ÖTG

ÖTE

ÖTL

ÖTM

ÖTR

ÖTÜ

ÖTÄ


ÖT [ö:t], med. Bagyrda emele gelýän we öt haltasynda ýygnanýan suwuk jism. Bagryň çykarýan ödi öt haltasynda ýygnaýar (W F Şalaew, N A Rykow, Zoologiýa).

<>Agza öt (zäk) atylan ýaly etmek (bolmak) — ser Agyz. Suýjän agzyna öt atylan ýaly boldy (N Saryhanow, Saýlanan eserler).


ÖTGÜN, 1. Çasly, batly, güýçli, täsirli (ses, äheň hakda). Azançy olaryň öýleriniň günbatar işiginde durup, ötgün ses bilen azan aýtdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2 göç m. Ýiti täsir ediji, ýiti, görgür.Gojaň ötgün gözi, gör nire garaýar (B. Kerbabaew, Aýlar).


ÖTGÜN-ÖTGÜN, ser. Ötgün1. Baranow ötgün-ötgüň gepledi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ÖTGÜR, 1. Kütek däl, gowy kesýän, ýiti, kesgir. Bir ötgür byçgyny alýar («Pioner» žurnaly).

2. göç m. Ýiti manyly, berk täsir ediji, degerli, täsirli (söz, derman we ş. m. hakda). Özleriniň ötgür sözlerini duşmanyň garşysyna gönükdirdiler(«Sowet edebiýaty» žurnaly).

3. göç m. Içinden geçip barýan, ýiti. Ötgür aýaz.

4.  göç. m. Gowy görýän, ýiti. Ol ötgür gözlerini maňa dikdi. Ýer astyna ýetýärdi, Ötgür gözi Atanyň («Sowet edebiýaty» žurnaly).

<>Ötgür   degmek — ýiti täsir etmek, örän gynandyrmak. Parahat oturan ilatyň üstüne ganym duşmanlaryň wagşylyk bilen çozmagy we dynç oturan halky gyrana salmagy örän agyr, aýallara has hem beter ötgür degýärdi (A  Gowşudow, Powestler we hekaýalar).


ÖTGÜRLIK, 1. Gowy kesijilik, kütek dällik, ýitilik, kesgirlik. Pyçagyň ötgürligi.

2. Berk täsir edijilik, ýiti manylylyk, täsirlilik (söz, derman we ş. m hakda). Sözüň ötgürligi   Dermanyň  ötgürligi.

3. Gowy görüjilik. Gözüň ötgürligi.


ÖTÜGSIZ, Hiç aýrylmaýan, geçmeýän, sowulmaýan (horluk, kynçylyk hakda).

Ötgüsiz ýazyk — başa horluk -(nakyl).