SÖZLÜG ; J- HARPY;
JON

JONTARMAK, Jontuk bolup galmak. Birden onuň jontaryp duran süýem barmagyny görende, onuň ýadyna düşdi ( B Pürliew, Söýgi mukamy).


JONTMAK, Bir zadyň ujuny kesip ýa-da döwüp aýyrmak, jontuk etmek. Çäýnegiň jüründigini jontmak.


JONTULMAK, Ujy döwlüp ýa-da kesilip aýrylmak, jontuk edilmek. Kündügiň jüründigi jontulypdyr.


JONTUK, Ujy kesilip ýa-da döwlup aýrylan, küle. Garry bolsa jontuk küýzesine güýmenip, Artygyts sözüne berilmek bilen, guýynyň başyny özüne mesgen edindi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Sen öz jontuk eşegiňi münüp, ondan-oňa ykdyň (A. Gowşudow, Eserler).