SÖZLÜG ; J- HARPY;
JOR

JORA [jo:ra], Biri-biri bilen ýoldaşlyk, dostluk gatnaşygyny saklaýan gyz ýa-da aýal, boýdaş. Doganlarymyz tiz geler, Joşup läle kak, jora! (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler). Deň-duş joralarym mekdepde okýar, Hökümet olara köp ýagşy bakýar (A. Kekilow, Saýlanan eserler).


JORALARÇA [jo:ralarça], Joralyk hatyrasy üçin, jora ýaly bolup, boýdaşlarça. Selbi, eger sen joralarça dogryňy aýtmajak bolsaň, onda biz senden komsomollarça talap ederis (B Pürliew, Ilkinji gün).


JORALYK [jo:ralyk], Joralaryň aragatnaşygy, olaryň arasyndaky dostluk, boýdaşlyk. Iki kärdeşiň joralygy has ýakynlaşdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


JORAN, Towşan ýöreýän ýoda, towşanyň gatnaw eden edasy.


JORAP [jora:p], Aýaga geýilýän örme trikotaž ýa-da ýüňden örülýän önüm. Men hem ellik, jorap öreýin. Ol jorabyny çykaryp, krowadyň aşagynda goýdy (A. Durdyew, Saplanan eserler).


JORK, Uly batgalyk, lüýk; suwly, suw dökülen (ýer). Emma heniz hem ekişiň başyna barar ýaly däl, meýdan batga, jork bolup ýatyr («Sowet edebiýaty» žurnaly). Laýa batyp galarsyň üstüň-başyň jork bolar («Tokmak» žurnaly).


JORKULDAMAK, Jork bolmak, uly batgalyga öwrülçek, bütinleý lüýk bolmak; suw dökülip, batga bolup ýatmak.


JORLAMAK, Sesli akmak, dökülmek (suwuklyk hak-da). Ternawdan suw jorlap akýardy.


JORT    jort   atmak — birine göwni ýetmezçilik etmek. Aýal-gyzlar jort atyp jogap berseler-de, ol täzeden öýlenmäge hem synanyşýar. (N. Pomma, Taýlyk hyzzyn).


JORTA:  jorta    döwülmek (u ç m a k} — birden däwülmek, synmak. Agajyň   guran şahasy döwüldi. Gezlik jorta uçdy.


JORTMAK, Ýogyndan gelen boýy kelte, uzyn bolmadyk. Jortmak taýak. Ol bir jortmak adamdy.