SÖZLÜG ; J- HARPY;
JOŇ

JOŇK-JOŇK, 1. Çaga oýnunyň ady. Ol oglanlyk döwründe joňk-joňk oýnanlarynda, Aýnanyň donuny serpip gaçandygyny gözüniň öňünden geçirdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Bökjekläp, loňkuldap ýöriş. Jkjiki joňk-joňk edip, ol agaçdan bu agaja böküp, uçup-gonup ýörkä, bir ýandagyň üstünden barýar («Turkmen halk ertekiler ýygyndysy»). Atajyk depder-kitaplaryny alyp, joňk-joňk edip, oglanlaryň öňüne geçdi (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


JOŇKULDAMAK, Joňk-joňk edip ýöremek, bökjekläp ýöremek, loňkuldamak. Guşlar joňkuldap ýördüler.


JOŇKULDAŞMAK, Bir näçe bolup joňkuldap ýöremek, joňk-jonk edişip ýöremek. Joňkuldaşyp gitmek Joňkuldaşyp ýörmek.