SÖZLÜG ; J- HARPY;
JOÝ

JOÝA [jo:ýa], Hatar ekilen ekinlerde hatarlaryň arasyna çekilen darajyk zolak, kiçijik ýapjagaz. Iki joýanyň arasyny tapyşdyryp barýan biýaralaryň içinde her hili gawunlar serlişip ýatyr (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Ýaş naturalistler joýa gazdylar («Mydam taýýar» gazeti).


JOÝALAMAK [jo:ýalamak], Joýa gazyp çykmak, joýa çekmek. Ertir oňa traktor joýalamaga barar (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


JOÝALATMAK [jo:ýalatmak], Joýa gazdyrmak, joýa çekdirmek. Gawun ekijщek ýerleri joýalatmak.


JOÝALAŞMAK [jo:ýalaşmak], Joýa gazyşmak, joýa çekmäge kömekleşmek.


JOÝALYK [jo:ýalyk], Joýanyň köp ýeri.Ownujak. ýaplar joýalyk bolup, ýeriň ýüzi petir bezelen ýaly çukaryp görünýärdi  (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).