SÖZLÜG ; J- HARPY;
JOŞ

JOŞGUN [jo:şgun], 1. Derýada suwuň köpelip daşmagy, möwç urmagy, daşgyn . Joşgun Amyderýa galdy uzakda (A. Kowusow, Goşgular we poemalar).

2. göç.m. Güýçli duýgy, hyjuw, möwç. Tokaý tarapyndan gelen, güňleç ses göz ýumup-açasy salym kesildi-de, ýene öňküsinden hem batly we hyjuwly joşgun bilen dowam etdi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Zelili öz önüp-ösen ýeriniň tebigatyny hem bir näçe şygyrlarynda uly joşgun bilen suratlandyrypdyr («Edebiýat»).


JOŞGUNLY [jo:şgunly],  Möwç urýan, daşgynly, batly (suw hakda).

2. göç. m. Joş urýan, ylhamly, hyjuwly. Zaldakylaryň joşgunly sesi kluby sarsdyrdy (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda). Joşgunly ýaňlanýan aýdymyň sesi bütin oba ýaýrady. (D. Baýmyradow, Taäze goşgular). Azatlyk derýasy joşgunly akýar, Rugsat berseň, boýlap ýüzsem, atam jan! (A. Kekilow, Saýlanan eserler).

3. Täsirli, gyzgalaňly. Ol gapyda durup, komissaryň gwardiýaçylara bolan iň soňky joşgunly sözüni eşitdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


JOŞGUNLYK [jo:şgunlyk], 1. Hyjuwlylyk, daşgynlyk, batlylyk (suw hakda). Derýanyň joşgunlygy artýar.

2. göç. m. Ylhamlylyk, hyjuwlylyk.

3. Tesirlilik, gyzgalaňlyk.


JOŞGUNLYLYK [jo:şgunlylyk], ser. Joşgunlyk.


JOŞDURMAK [jo:şdurmak], 1. Joşmaga mümkinlik bermek, joşup akdyrmak, daşdyrmak (suw hakda).

2.  göç. m. Güýçli duýgy döretmek, ylhamy artdyrmak, möwç aldyrmak. Müdimi mesgeni   bagtyň, şatlygyň, joşdurýar ýeňişe barýan halkymy («Edebiýat we sungat» gazeti). Nazaryň ýylgyryp duran suraty ony öňküden-de beter joşdurdy (B. Pürliew,   Söýgi   mukamy).

3.  göç. m. Höwesini artdyrmak, gyzgalanly etmek.

4. göç. m. Jomartlyk etdirmek, eçildirmek.

5. göç. m. Suwsuzlygy duýdurmak, suwsatdyrmak.


JOŞMAK [jo:şmak], 1. Örän güýçli akmak, suw köplük edip daşmak, kenardan agmak. Tejeniň derýasy bu ýyl alabahardan joşup gelipdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. göç. m. Güýçli duýgy döremek, möwç almak, hyjuwlanmak. Mährijamalyň ýüreginde Wepa bolan söýgi has beter joşýardy (A. Gowşudow, Mähri— Wepa). Bu giň meýdanda her kim bir işde, janly hereket joşýardy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

3. göç m. Höwesi artmak, gyzgalaňly bolmak.

4. göç. M. Jomartlyk etmek, eçilmek. Joşan mahalyna sataşsaň, saňa bir teňňe-iki teňňe berer («Görogly» eposy).


JOŞURMAK [jo:şurmak], ser. Joşdurmak.