SÖZLÜG ; J- HARPY;
JÜB


JÜBI, Ownuk-uşak zat salmak üçin geýime tikilýän haltajyk, kise. Onuň bir jübüsinden tapylan bir näçe açar bilen gapyny açdylar (A. Gowşudow, Mähri— Wepa). Jübüsinden ýaglygyny çykaryp, maňlaýyny süpürdi (G. Kulyew, Köpetdagyn. aňyrsynda).

<> Jübiňi agraltmak — pully bolmak. Zawodyň hojaýyny özüniň girdejisini köpeldip, jübüsini agraltjak bolýar (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).

Jübe g i r m e k — Jübüden ogurlyk etmek, pul ogurlamak.


JÜBÜLIK, Geýime jübi, kise eder ýaly mata

  


JÜBÜT, 1. Ikä galyndysyz bölünýän, täk bolmadyk. Jübüt sanlar.

2. Goşa, iki. Iki jübüt elýaglygyny we bir haltajyk çykardy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Häzir ol hywaly myhmanyna sowgat edip, onuň aýaly üçii bir jübüt gulak halkasyny ýasap gutaryp barýardy («Beýik şahyr»). Men magazinden jübüt käse aldym

3. Biri-birine mynasyp, taý. Diýýärdi- — Gözel gyz, görmegöý ýigit, Bular bir-birine mynasyp, jübüt («Sowet edebiýaty» žurnaly).