SÖZLÜG ; J- HARPY;
JÜÝ


JÜÝGÜLDEMEK, Jüýk-Jüýk etmek, Jüýk-jüýk edip seslenmek, jüýgüldili seslenmek (guş, jüýJ.e hakda)\ Çöpüň düýbÜnde bir guşJagaz Jüýgüldedi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


JÜÝGÜLDEŞMEK, Köp bolup Jüýk-Jüýk edişmek, köp bolup Jüýgüldemek. Guşlar düşen ýaly hepbik, duzaga, Jüýgüldeşip käbirisi sygyrýar (N. Pomma, Saýlanan eserler}.


JÜÝGÜLDI, Jüýjäniň we käbir ownuk guşlaryň edýän sesi. Gök meýdanda guşlaryň jüýgüldisi köpelýärdi («Edebiýat we sungat» gazeti).


JÜÝJE, zool. Towugyň çagasy. Jüýjeleriň ölüm--ýitimsiz saklanylmagy olaryň oňat iýmlendirilmegi arkaly hem gazanylýar («Sowet Turkmenistany» gazeti). Hi, geçen ömrüňde maşyn bilen jüýje çykarylanyny görüpmidiň? Ynha indi görýeris, keýgim! (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

<> Jüýjäni güýz sanaşmak — işiň soňuna seretmek, bir zadyň netijesini soňra, belli bir möwritde barlap görmek. Ýazda ösdüren guzulary bilen guwanmasyn, jüýjäni güýz sanaşarys (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


JÜÝK, Ujy çiş, süýnmek, inçe. Jüýk burunly ýaş ýigit çemedanyň üstünde oturyp, ýolagçylaryň gurrüňlerine goşulman, ýetişibildiginden çilim çekýärdi (B. Pürliew, Ilkinji gün). Bu oturylyşy hem şol jüýk burun maýor bozdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).

<>Jüýk bolmak — bir gezek ýeňlenden soňra, urşup bilmän, süllerip durmak, sustupes bolmak, uruşman gaçmak (horaz hakda).


JÜÝP-JÜÝP, 1. Jüýjäniň ýa-da käbir guşlaryň yzly-yzyna çykarýan sesi. Şol gözel joşgun bilen saýraýan torgaýlaryň jüýp-jüýbi eşidilýärdi (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

2. Jüýjeler çagyrylanda aýdylýan söz.