SÖZLÜG ; J- HARPY;
JÜL


JÜLGE, Derýanyň, dagyň ugruna uzap gidýän öňi bekli dere. Dört tarapyny, dag tutan bu örän giň jülge al-ýaşyl öwüsýärdi («Beýik şahyr»). Maşyn ýap-aşak inip, göm-gök otly giň jülgä düşdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


JÜLJÜL, Çagalaryň üfläp çalýan oýnawajy, jürlewük. Jüljül çalyp jürletmek.


JÜLPÜLDEMEK, Jülpüldili ses çykarmak, suwa çümüp ýa-da batyp, jülpüldili seslenmek. Jülpüldäp suwa çümmek. Ýagyş suwunyň içi bilen jülpüldäp ýöremek.


JÜLPÜLDETMEK, Jülpüldili seslendirmek.


JÜLPÜLDEŞMEK, Bilelikde jülpüldemek, köp bolup jülpüldemek. Adamlar jülpüldeşip, suwuň içi bilen ädimleýärler (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


JÜLPÜLDI, Suwuklygyň içine gaty zat gaçanda ýa ýagyşda ýörelende emele gelýän ses.