SÖZLÜG ; J- HARPY;
JÜM


JÜMJÜME, bot. Ýaşyl güllüje iýilýän ot. Onuň ýüzi edil jümjüme güli ýaly menek-menek gyzardy (B. Seýtäkow, Doganlar). Jümjume ýaz aýlary gögerýär. Çagalar toparlanyşyp, jümjüme ýygmaga gidýärler.


JÜMLE, kön. s. ser. S ö z l e m. Bahar gazete seredip, bir näçe jümläni okady. Meniň hem seniň bilen aýlanasym gelýär — diyen jümlesini aýratyn nygtap aýdyşy hem onuň ýüreginde bir şübhe bardygyny aňladýardy (A Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

<> Şu  jümleden — şu sandan, şu sözden, netijede.


JÜMLE-JAHAN, Bütin ýer ýüzi, hemme ýurt, ähli ýer, älem-jahan. Hytaý, hebeş, hindi, jümle-jahanyň Halky hak işiňe şaýat, partiýam (R. Seýidow, Bagtlylar). Jümle-jahan bu gün aýaga galdy, Hak sözüň aýdylýan pursady geldi («Oktýabrь ýalkyyy»).


JÜMMÜŞ, Bir ýeriň ortarasy, arasy, içi. Asuda Garagumun jümmüşi bu gün örän şagalsňdy («Mydam taýýar» gazeti). Pökgen iki-ýeke ädimlep, gurluşygyň jümmüşine girip gitdi (A Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Ol adamlaryň jümmüşine siňjek bolup, barha öňe dyzaýardy (N. Pomma, Egri eýikmez). Tokaýyň jümmüşine kömelek gözlemäge gitmek.


JÜMRI, gepl. d. Ogry, aldawçy.


JÜMŞÜLDEMEK, Endamyňa ýuwaşjadan tiken çümdurilýän ýaly duýulmak, endamyň tikeneklemek. Serdaryň bolup ýatyşyna gözi düşende, onuň gartaşan endamy jümşüldäp gitdi («Sowet edebiýaty» žurnaly) gyz diýen ýazgyny okamda,   endamym   jümşüldep (B   Gulow, Hekaýalar).


JÜMŞÜLDI, Endamyň jumşüldände syzylýan düýgy. Seň synaňda jüýmşüldi döremedi (A. Kowusow, Goşgular we hekaýalar).