JÜR |
JÜR, Tabşyrylan işi öz wagtynda ýerine ýetirýän, öz işine gaýym, hüşgär, sak, hakyna gaýym. Gullugyňa sak hem jür bolmaly. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Ol daşdan göräýmäge örän gowşak ýaly hem bolsa, işine örän jür adamdy («Sowet edebiýaty» žurnaly). Işiňe jür bolmak. JÜRBE-JÜR, Her hili, dürli hili, jüre-jüre, dürli-dürli, hil-hil. Onuň kitaphanasynda özüniň okaýan ugrundan başga-da jürbe-jür edebiýatlary görmek bolýardy. Stoluň üňündäki dürli gaplarda bolan jürbe-jür tagamlar we başga näzi-nygmatlar göründi (A. Gowşudow, eserler). JÜRDEK, ser. Küýze.Ol suwly jürdegi başyna göterdi (B. Seýtäkow, Doganlar).Jürdegi dolduryp suw getirmek. JÜRE I, dial. Hili, tüýsli. Agaýunus aýna alyp seretse, maňlaýynda bir jüre hal göründi («Görogly» eposy). JÜRE II, wet. Tarpa-taýyn öldürýän gylýal keseln. Heý baýtalyň gursun, baýtalyňa jüre _ degsin, ketew degsin, şundan başga geçere ýer tapmadyňmy? diýip sögdi (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Gylýalym balygyna bar welin, jüre getirmşi, örän garry (M- , Gorьkiý, Eserler). JÜRE-JÜRE, ser. J ü r b e-j ü r. JÜRJEN, zool. Kiçijik garaja möjek. JÜRKÜLDEMEK, Jürk-jürk etmek, jürküldili seslenmek. JÜRKÜLDEMEK, Jürküldili seslendirmek,jürk etdirmek. JÜRKÜLDEŞMEK, Bir näçe bolup jürk-jürk etmek, köp bolup jürküldemek. Guşlar jürküldeişp, höwürtgelerine etmäge howlugýardylar (N. Jumaew, Syrly gala). Gür baglykda guşlar jürküldeşýärler. JÜRKÜLDI, Käbir guşlar saýranda çykýan ses. (serçe we ş. m. guşlar hakda). Çar töwerekden guşlaryň jürküldisi, dürli mör-möjekleriň iňňildisi eşdilýärdi («Sowet edebiýaty» žurnaly). JÜRLEWÜK, Üflenip çalnanda, jürrüldili çykýan agaç ýa-da metal enjam, jüljül. Sudýanyň jürlewüginiň sesi oýunçylary meýdana çagyrdy.( taýýar» gazeti) Wyşkanyň üstünde duran çasawoýuň jürlewüginiň sesi Melkowy saklady («Pioner» žurnalay). Çagalar, size täze çykan jürlewük getirip bererin.(N. Pomma, Taýlak hyzzyn). JÜRLEMEK, ser. Jürrüldemek. Şorlukda getirdi towşan, sülgünler, Buzaw täsin jürläp, toprak köwerdi. (A Haýydow, Gök asman). Jübüsinden jürlewügini çykaryp, arasyny üzmän jürletdi (G. Kulyew, Köpetdaygyň aňyrsynda). JÜRLETMEK. ser J ü r r ü l d e t m e k. JÜRLEŞMEK, ser Jürrüldeşmek Selçeň ýagaçlardaky serçeler, göýä diýersiň, bir zatdan howatyr edýän ýaly janygyşyp, jürleşmek bilen gizlendiler. Pylgynlaryň aralarynda gaýmalaşýan guşlar dürli owaz bilen jürleşýärdiler (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). JÜRRÜLDEMEK, Jürrüldili ses çykarmak, jürrüldili seslenmek, jürlemek Guşlaryň jürrüldeýän sesleri eşidilýär. JÜRRÜLDETMEK, Jürrüldili ses çykartmak, jürletmek Jürlewügi jürrüldetmek. JÜRRÜLDEŞMEK, Bir näçe bolup jürrüldemek, yzly-yzyna jürrüldemek, jürleşmek. Serçeler, torgaýlar jürrüldeşip, gary açylan ýerlerden özlerine iýmit agtarýardylar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). JÜRRÜLDI, Jürlewük çalnanda çykýan ses; käbir guşlaryň ýa-da mör-möjeklerin emele getirýän sesi. Artyk daň saz berende, guşlaryň jürrüldisine oýandy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Jürlewügiň jürrüldisine maşyn sakga durdy. JÜRÜNDIK, Çäýnek, semawar we ş. m. zatlaryň suw akary, burny, jürnügi. Ol apparatyň rezin naýynyň ujundaky mis jüründigini ýokaryk galdyryp, agajyň töweregine çaltlyk bilen aýlanýardy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Ýagyş aldygyna ýagýardy. Edil kündügiň jüründiginden dökülýän ýalydy (A. Durdyew, Saýlanan eserler). |