SÖZLÜG ,,, KA- HARPY;

KÄB


KÄ, 1. Gezekleşigi görkeziän baglaýjy kömekçi.

Howanyň ýüzi ertire çenli kä çytylyp, kä açylyp durdy, kä gaty, kä ýuwaşrak çykýan hümürdiniň arasy üzülmen eşdilýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ýaz aýlaryn-da kä ýagyn ýagýar, kä gün çykýar. 2. Asyl sözüň öňünden gelip goşulýan goşulma. Käýarym ýagyş    ýagýar.   Käbir adamlar küşt oýny bilen gaty höweslenýär.


KÄ-KÄ, ser. Käte käte. Ýoluň kä-kä derýadan daşlaşyp gidýändigini, käte bolsa, onuň ýapgyt kenaryna ýakynlaşyp gidýändigini kenar golaýyndaky gamyşlyklara garap, çen tutmak bolýardy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KÄBE, Mekgedäki ybadathana. Öňki zamanyň işan- mollalary Käbe gidenlerinde-de, eşekli giderdiler («Sowet edebiýaty» žurnaly). «Käbä   gidip gelseň-de, öňküje gözüň-le» diýen ýaly, ol tussagdan öňküje hüý- häsiýeti bilen gaýdyp geldi. («Tokmak» žurnaly).


KÄBIR, 1. Hemmesi däl, kim-de bolsa, haýsy-da bolsa biri, aýry-aýry. Synap görmek üçin eseriň käbir ýerinden okap berdim. (N. Saryhanow, Saýlanan  eserler). Käbir ýerlerde gowaçalar basdyrylyp suwarylýar(«Sowet Türkmenistany» gazeti).

2. Käýarym, käwagt.


KÄBIRI, [käbi:ri], Haýsy-da bolsa arasyndan biri, bir näçeleri, käsi. Arzuw ýaşlykda döreýär     käbiri  liýotçik bolmagy kalbyna salýar («Mydam taýýar» gazeti).


KÄBÄM,  Gowy görýän, ýakyn adamyňa ýüz tutulanda «janym, jigirim» diýen manyda ulanylýan söz. Käbäm enem. Bar  kebäm,  bir bedre  suw alyp gel!