SÖZLÜG ,,, KA- HARPY;

KÄÝ


KÄÝELMEK, Birinden käýinç eşitmek.


KÄÝEMEK, Nädogry edilen iş üçin ýazgarmak, ýazykly adama öwüt-nesihat etmek. Ýok, Muhammet, men-ä käýemek üçin seni çagyrmandym (N. Pomma, Sebäbini soň bildim).

Bu babatda oňa düşündiripdirler, käýäpdirler («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KÄÝERDE, Hemme ýerde däl, belli-belli ýerde, aýry-aýry ýerde, käbir ýerde. Öňi bilen awtoryň eserleriniň diliniň käýerde o dien göwnejaý däldigini bellemelidiris. Käýerde bir ýyldyz öçügsi, gamgyn görnüşde ýyldyraýardy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KÄÝINDIRMEK, Zeýrendirmek, käýitmek.


KÄÝINJEŇ, Käýinip ýören, igenjeň. Käýinjeň adam. Käýinjeň gylyk-häsiýet.


KÄÝINJEŇLIK, Käýinjeň bolmaklyk, käýinip ýörüjilik, igenjeňlik. Käýinjeňlige endik etmek.


KÄÝINJIREMEK, Igençli käýinmek, öz nägiledigiňi bildirip, igenip käýinmek.

Telefon gepleşiginden soň, Pökgen öz-özüne käýinjiredi (A.Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Ol käýinjiremäge başlady («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KÄÝINMEK, Birini ýa-da öz-özüňi ýazykly edip, käýäp durmak, kime-de, nämä-de bolsa gaty käýinjiremek, biriniň eden işine ýa-da bolan waka öz nägiledigiňi käýinç bilen bildirmek. Oňa her haýsy bir zat diýip käýindiler.(A. Gowşudow, Saýlanan eserler). Hüňürdäp käýiner, azary ýeter, Tabakdaş bolaýsaň, işdäňi tutar (Ata Köpek Mergen, ýürek depderi).


KÄÝINÇ, 1. Nädogry ýa-da ýaramaz edilen iş üçin berilýän jeza, temmi, ýazgarma. Ol özüniň ýaramaz gylygy üçin komsomol käýişini aldy (B Pürliew, Ilkinji gün). Men saňa öz ýanymdan şu günki üçlügiň üçin käýinç berýärin («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Bir zatdan närazy bolup edilýän zeýrenç.


KÄÝITMEK, 1. Temmi, jeza berdirmek, çäre gördürmek. 2. Käýindirmek, zeýrendirmek Ogly atasyny köp käýitdi.


KÄÝIŞMEK, Biri-biriňe gaty-gaýrym söz aýdyşmak, sögüşmek. Ara düşmedik bolsa, gaýyn-giewiň käýişämesi hem daş däldi («Sowet edebiýaty» žurnaly). Öz aralarynda jedelleşdiler, käýişdiler, on-soň bary puja çykdy («Pioner» žurnaly).