SÖZLÜG ,,, KA- HARPY;

KÄT


KÄTE   Käwagt, wagtal-wagtal, käte käte, kämahal, ýarym . Jeren hem gabak astyndan Atamyrada käte seredýärdi (N. Pomma Sebäbini soň bildim). Çuňňur oýda, ke galdyrman başyny ,  Käte garanjaklap bakýar daşyny. (B. Kerbabaew, Aýlar).


KÄTE - KÄTE, ser Käte.  Zenanyň alaja şlýapajygy käte-käte gözüme kaklyşyp durýardy (M montow, Biziň zamanymyzyň gahrymany). Käte – käte ýoldan çykyp  maşyny gabatlap surmeli bolýan wagtymyz hem bolýardy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KÄTIP, [käti:p], kön. s. ser. Sekretarь. 1830-njy ýylyň aprelinde departamente kätip bolup işe durdy. Düýn giç agşam wolostnoý kätip geçip barýan eken(N.B. Gogolь, Saýlanan eserler).


KÄTIPLIK [käti:plik], kön. s.  ser. Sekretar.  Ol kätiplik wezipesini ýerine ýetirýär.


KÄTMEN, Ýer bejermek, kätmenlemek üçin ulanylýan hojalyk guraly. Meret kätmenini egnine atdy-da, gapdalyndaky suwly ýaba dogrulady (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Başyndan aşyryp urýar kätmeni, Zähmet ýaýlasynda bekän bedeni (N. Pomma, Saýlanan eserler).

<> Kätmen   urmak —kätmen bilen ýer agdarmak, kätmen bilen ýer ýumşatmak.


KÄTMENLEMEK, Ýeri kätmen bilen bejermek, kätmen bilen ýer işlemek, kätmen urmak. Kätmenledik, ýekeledik, Kesip zyňdyk haşal otun (D. Agamämmedow,goşgular we pьesalar). Hatar aralaryny bir näçe gezek kätmenliäpdi.


KÄTMENLENMEK,  Kätmen bilen bejerilmek, işlenmek. Hatar aralary kätmenlenip gutaryldy.


KÄTMENLETMEK, Ýeri kätmen bilen bejertmek, kätmen urdurmak.Gowaça ekilen ýeri kätmenletmek.


KÄTMENLEŞMEK, Kätmen bilen bejermäge, işlemäge kömekleşmek, kätmen uruşmak.