SÖZLÜG ,,, KA- HARPY;

KÄK


KÄKELEWÜK, Köp käkeleýän, käkeläp ýören. Bike ejäniň kekelewük towugy bar.


KÄKELETMEK, 1. «Kä-kä» edip, gygyryp ses etmek (towuk hakda). Gygyrşyp, käkeläp, ganat kakýarlar, Horazlar, towuklar ony görende ( N. Pomma , Saýlanan eserler).

2. göç m. Sabyrdan gaçmak, aýagyň bişen ýaly bolmak, näme etjegiňi bilmän elewräp ýörmek Näme ertirden bäri käkeläp ýörsüň, eýgilikmi?


KÄKELEŞMEK, Bir näçe bolup käkelemek, bilelik de «kä-kä» edip gygyryşmak (towuk hakda).


KÄKIL, Maňlaý saçy, saç. Beýikdir jaýlary asmana garap, Içinde oglan-gyz käkilin darap ( N Pomma , Saýlanan eserler). Halka-halka käkilleri zerewşan, Bahar eli degip bolmuş perişan («Türkmen halk şahyrana döredijiligi»).


KÄKILIK, zool. Towuklar otrýadyndan bolan meýdan guşy, gylguýruga meňzeş owadan aw guşy. Ertir käkilige gidýäris. («Sowet edebiýaty» žurnaly). Dor alaşa käkilik ýaly ýorgalap barýar (B Kerbabaew, Aýgytly ädim).