SÖZLÜG ,,, KA- HARPY; |
KYB |
||
KYBAP [kyba:p], Birine ýa-da bir zada laýyk, bap, meňzeş. Ýaplaryň kybabynda gazylypdyr («Kolhoz günleri»). <>Bir kybap birsydyrgyn, bir boluşly, bir meňzeş. Onuň mele ýorgasy bir kybap dükürdikläp barýardy («Sowet edebiýaty» žurnaly).
KYBAPDAŞ [kyba:pdaş], Bir kybap gelýän, laýyk, bap bolan. Sowet halkynyň hemmesiniň hem nebitçileriňki bilen kybapdaş («Sowet edebiýaty» žurnaly).
KYBAPDAŞLYK [kyba:pdaşlyk], Bir kybap gelijilik, laýyklyk, meňzeşlik. Göýä diýersiň göwendeşleriň göwnüne kybapdaşlyk isleýän ýaly, häliden bulaşýan jahan ýene ýagtylyp başlady (B. Kerbabaew. Aýsoltan).
KYBLA, ser. Günorta-günbatar. Gurtgeldi bulary gören badyna, ýüzüni kybla tutup, çöke oturdy («Sowet edebiýaty» žurnaly). Bulut eger kybladan tursa, güýçli boran bolarmyş. (B. Kerbabaew. Aýgytly ädim).
KYBLANAMA [kyblana:ma], kön. s. ser. Kompas. |