SÖZLÜG ,,, KA- HARPY;

KYB

KYL

KYN

KYR

KYS

KYÝA


KYRK, 40 tsifriniň ady we onuň mukdary. Kyrk kilo ser urdy ýygnanan şaýlar  (B. Kerbabaew, Aýlar). Sen halym ömrümiň baýdagy boldy, Kyrk ýyllap goraglap saklanym şoldy («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Kyrk gulanyň  içinde  bir agsagy bildirmez  (nakyl).

Kyrk gysymda gysmasaň, bir gysymda gysdyrmaz. (nakyl).


KYRKAÝAK, zool. Köp aýaklylar maşgalasynd bolan, gurçuga meňzeş uzyn, zäherli möjejik.


KYRKBOGUN, bot. Bogun-bogun bolup ýere ýazylyp ösýän haşal otuň bir görnüşi. Kyrkbogun mala berilýän otdur.


KYRKGARYN, Gat-gat, gasyn-gasyn görnüşde bolan kiçi garyn. Toýda ölen janlylaryň kyrkgarynlary dulda ýatyrdy  («Türkmen halk ertekiler ýygyndasy).

 Ejem soýlan goýnuň kyrkgarnyny ýuwdy.


KYRKGÜNLÜK,   Ir bişýän togalajyk sary gawun. Her goltugyna bir sany ullakan kyrkgünlük tutdurdy. («Sowet   edebiýaty» žurnaly). Agaçlar köp miwe getiren ýeriň bagy ýaly başlaryny aşak egip oturýardylar, olaryň tozanly ýapraklary kyrkgünlük ýaly saralyp görünýär  («Ýaş kommunist» gazeti).


KYRKLYK,  Käbir zatlaryň ölçegini  kesgatleýän san. Kyrklyk tugur.


KYRKSAKANAK,  dial   ser. Kyrkgaryn.


KYRKÇILLE , Gyşyn iň sowuk döwri, gyşyň örküji. Oturgyçlar kyrçilläniň garyny ýada salýan mata örtülen. («Sowet edebiýaty» žurnaly).