SÖZLÜG ,,, KA- HARPY; |
KYN | ||
KYN [ky:n], Aňsat däl, müşgil, çetin, agyr. Kyn işleri aňsat edýär samoliot (Ata Salyh, Saýlanan eserler). Soň bu ikisi urşuň ilki başlaryndaky kyn şertlýeriň içinde söweşe gatnaşyp başladylar. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler).
KYNALMAK [ky:nalmak], Kyn bolmak, müşgil bolmak, çetinleşmek, agyrlaşmak. Şeýle sistemada gurnama işleri kynalýardy.(«Sowet Türkmenistany» Gazeti). Çernyşowyň ýagdaýy has kynaldy (B. Kerbabaew. Aýgytly ädim).
KYNALTMAK [ky:naltmak], Öňküsinden kyn agraltmak, çetinleşdirmek, agyrlaşdyrmak. Aňsatlyk bilen ýerine etirilip bilinjek işi kynaltmak.
KYNALYŞMAK [ky:nalyşmak], ser. Kynlaşmak.
KYNLAŞMAK [ky:nlaşmak], Barha kyn bollamak, çetinleşmek, agyrlaşmak. Emma indi ýaraşygyň has-da kynlaşanyny ol gördi. (N. Jumaew. Ak derek). Gowaça hasyla durup, onuň içine girmek kynlaşypdy. (B. Kerbabaew, Aýsoltan).
KYNLYK [ky:nlyk], Aňsat dällik, müşgillik çetinlik, agyrlyk. Onuň bize näme kynlygy bar?! («Sowet edebiýaty» žurnaly). Kynlykdan gorkmadyň, zähmete bakdyň (N. Pomma, Saýlanan eserler).
KYNÇYLYK [ky:nçylyk], ser Kynlyk. Kynçylygy basyp, guş ýaly uçýar (N. Pomma, Saýlanan eserler). Kynçylyklary batyrgaý ýeňip geçmegi öwrenen adamlar onlarça bar («Sowet Türkmenistany» gazeti). <> Kynçylyk çekmek görgi görmek, kynçylyga duçar bolmak.
|