SÖZLÜG ,,, KA- HARPY; |
KYS |
KYSMAT Ykbal, ýazgyt, nesibe. Şol süjülik maňa kysmat bolmazmy? diýip ýazypdy («Sowet edebiýaty»žurnaly). Halaşyp alybilsem-ä alaryn, alybilmesem-de görerin (A Durdyew, Saýlanan eserler).
KYSSA, 1. edeb. Gürrüň bilen ýazylýan eser, rowaýatly eser. Seniň çeper kyssaň eý beýik Puşkin, Erteki-den romanlara ýetirdi. (
2. göç. m. Bolan gürrüň, gündelik hadysa, rowaýat. Kolhoz zamanynyň aşyk-magşugy hakyndaky kyssa ýadyma düşdi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).
KYSSAÇY, 1 Kyssa, proza bilen edebi eser ýazýan adam. Merhum türkmen kyssaçysy Hajy Ysmaýylowyň powestlerini kitap edip çapdan çykardy («Pioner» žurnaly). 2. Kyssa aýdýan adam, rowaýat, hekaýa bilýän adam, gürrüňçi. Göýä kyssaçy dek göwnüni hoşlap, Gazet okadykça gülerdi gözi (
KYSYM, 1. Belli bir tipdäki zat, marka. 2. Görnüş, hil, ugur. Önümçiligiň aýry-aýry kysymynda bolan üçin, kolhozçynyň dili bilen işçiniň dilinde hökman tapawut bolýar (A Kekilow, Edebiýat teoriýasy). Hawa, ýaşaýarlar ýeriň ýüzünde, Aýratyn kysymdan bolan ynsanlar («Sowst edebiýaty» žurnaly).
KYSYMLY, Belli bir tipdäki, belli bir bellikli, arkaly. Minsk awtomobilь zawody «MAZ525» kysymly awtomaşynlary çykaryp başlady. («Mydam taýýar» gazeti). Ol «Rodina» kysymly priýomnigiň nurbatyny towlady. («Kolhoz günleri»).
|