SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MIW

MIÝE

MIZ

MIK

MIL

MIN

MIR

MIS

MIF

MIÇ

MIŞ


MIK, Merkezi Ispolnitelь Komitet. Bu söz SSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumy diýen at bilen çalşyryldy.


MIKRO..., Goşma sözleriň örän kiçi ölçege degişli bolan gatnaşygy görkezýän birinji bölegi. Mikro-organizm. Mikroraýon.


MIKROANA'LIZ, Maddalaryň ownujak bölejiklerini analiz etmek usuly.


MIKRO'B, Diňe mikroskop arkaly görmek mümkin bolýan iň kiçijik organizm. Trahoma keselini döreden ýokançly mikrob gaty köp bolýar (S. K. Karanow, Trahoma we oňa garşy göreş). Atomly ustanowkalar azyk önümlerini barlagdan geçirýär, her dürli mikroblary ýok edýär («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MIKROBIOLOG, Mikrobýologiýadan  spetsialist.


MIKROBIO1OGIK, Mikrobýologiýa degişli bolan, mikrobýologiýa esaslanýan.


MIKROBIOLOGIÝA, Býologiýanyň mikroorganizmleri öwrenýän bölümi.


MIKRO'METR, Iň kiçi uzynlyk ululygyny ölçemek üçin gural.


MIKRO'N, Metriň  milliondan  bir bölegi.


MIKROORGANI'ZM, Göze görünmeýän örän ownuk organizmler, mikrob.


MIKROSKO'P, Göze görünmeýän zatlary gaty ulaldyp görkezýän çüýşeli optiki abzal, gural. Ösümlikleriň içki gurluşyny öwrenmek bolsa diňe mikroskop oýlanyp çykarylansoň mümkin boldy. (W. A. Tetýurew, Botanika). Häzirki zaman mikroskoplarynyň kömegi bilen 0,001 mm uzynlygyndaky predmetleri görmek bolýar («Fizika kursy»).


MIKROSKOPIK, 1. Mikroskopyň kömegi bilen geçirilýän. Mikroskopik analiz.

2. Diňe mikroskopda görünýän, örän ownuk. Örän maýda mikroskopik organizmler köp bolýar («Mydam taýýar» gazeti).


MIKROFA'UNA, býol. Mikroskop arkaly görünýän jandarlar.


MIKROFLORA, Mikroskop arkaly görünýän ösümlijekler. Bu artykmaçlygyň yzgar bilen baýlaşan toprakda mikrofloranyň ýokarlandyrylan aktiwliginiň hasabyna, ösümlikleriň iýmitlenmek şertleriniň oňat netijeleri esasynda döreýänligi aýdyňdyr (I. D. Şubin, Mary oblastynyň şertlerinde gowaça üçin topragy taýýarlamak aýratynlyklary).


MIKROFON, Ses tolkunlaryny elektrik tolkunlaryna öwrüp, uzaklyga berýän abzal. Ýok, meniň gulagyma däl, bu hut zor edilip, mikrofonyň öňünde sözledilen ses, ol dönüklik etmän, ölüm öňünde nemetslere garşy sözledi — diýip pyşyrdady (A. Gowşudow Mähri—Wepa). Mikrofon öňünde çykyş edip, ýygymçylary has öndürijilikli işlemäge çagyrýarlar («Sowet Türkmenistany» gazeti). Mikrofon we telefon sesi uzaklyga bermek üçin hyzmat edýär («Fizika kursy»).


MIKROHIMIÝA, Mikroskop arkaly himiki taýdan derňew geçirmek usullary.


MIKSTURA, farm. Bir näçe jisimler garylyp taýýarlanylan suwuk derman.