SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MIW

MIÝE

MIZ

MIK

MIL

MIN

MIR

MIS

MIF

MIÇ

MIŞ


MIS [mi:s], 1. him. Gyzgylt reňkli ýumşak metal, himiki element. Müsür bilen Gyzyl deňziň arasyndaky çöllükden mis we altyn tapýardylar (Gadymy dünýä taryhy).

2. Därä ot düşürmek üçin peşäňiň düýbüne oturdylýan enjam, jam. Yzly-yzna atylýar topuň, tüpeňiň misi (Ata Salyh, Saýlanan eserler).

<> Misi ýarylmak — gahary gelmek, ot almak. Onuň ümi Ballynyň misini ýarana döndi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

Gulagy mi s ýaly bolmak — ser. G u l a k. Olar şeýle assa gürrüň edýärdiler welin, eger üç ädim ýakynlarynda duran adamyň gulagy mis ýaly bolaýmasa, olaryň sözünden many aňşyryp biljek däl-di. Bu sesi diňe gulagy mis ýaly adamlar zordan eşidip bilse-de, nämedigini aňşyryp biljek däldi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


MISGIN [misgi:n], kön. s. Garyp, pukara, mätäç (adam). Men misginiň etrapyna, Gurar boldy ol duzagy («Sowet edebiýaty» žurnaly). Bir goç ýigit ýat illerde, Gepläbilmez misgin bolar («Görogly» eposy).


MISGINSOKAR [misgi:nsokar], Assyrynlyk bilen, syr bildirmän iş görýän, hereket edýän (adam hakda). Ol tüýs misginsokardyr (H. Ysmaýylow, Mugallymyň gyzy).


MISGINSOKARLYK [misgi:nsokarlyk], Assyrynlyk bilen iş görmeklik, syr bildirmän hereket etmeklik. Kulaklar kolhozlara misginsokarlyk bilen zyýan ýetirýärdiler.


MISGÄR [mi:sgär], kön. s. Misden her hili zat ýasaýan ussa. Onuň kakasy misgär bolup işläpdir.


MISGÄRLIK [mi:sgärlik], Misgäriň käri, misgär bolup işlemeklik, misgärçilik.


MISGÄRÇILIK [mi:sgärçştak}; ser. Misgärlik.


MISLI, Göýä, ýaly, edil, tüýs. Misli aý dek husny--roýuňy däl-de, Täze duýgulara baýdygňy söýýän (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler). Gün şöhlesi düşýär güler ýüzüne, Misli tawus bezim berýär özüne (B. Kýerbabaew, Aýlar).


MISSIONER, Buržuaziýa ýurtlarynda: başga din-däkileriň arasynda dini propaganda geçirmek üçin iberilýän adam. Hristiançylygy wagyz-nesihat etmek üçin Liwoniýa missionerleri ugrapdyrlar (SSSR taryhy).


MISSIONERLIK, Missioneriň käri, missioner bolmaklyk.


MI'SSIÝA, 1. Jogapkärli iş, ýumuş, tabşyryk, wajyp wezipe.

2. dipl. Hemişelik diplomatik wekillik.

3. dipl. Ýörite maksat boýunça başga döwlete iberilýän diplomatik delegatsiýa. Harby missiýa. Dostluk missiýasy.


MI'STIK,' Mistitsizmiň, dini-mistiki dünýägaraýşyň tarapdary. Aýry-aýry şahyrlaryň döredijiliklerniň dini-mistiki reaktsion taraplarynyň bolsa üsti açylman galdyrylypdir («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MI'STIKA, Ylma duşman bolan, tebigatdan daşary dünýä ynanyş, mistitsizm. Ol özüniň 1820-njň ýylda çap edilen «Romantika» atly makalasynda nemets romantizmine mahsus bolan pessimizm, köne dünýäni ideallaşdyrmak, göwnüçökgünlik, mistika ýaly häsiýetleri ýazgarýar («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MISTIKI, Mistika degişli bolan, mistitsizme esaslanýan, ýugrulan. Mistiki teoriýa. Mistiki gorky.


MISTIFIKATOR, Mistifikatsiýa bilen meşgullannýan, ýalançy, hilegär, aldawçy.


MISTIFIKATSIÝA,  Aldawa salmaklyk, ýalançylyk hile. Mistifikatsiýa bilen meşgullanmak.


MISTIFITSIRLEMEK, Birini mistifikatsiýanyň täsirine düşürmek, aldawa salmak, hile etmek.


MISTIFITSIRLENMEK, Mistifikatsiýanyň täsirne düşürilmek, aldawa salynmak, hile edilmek.


MISTITSIZM, Mistika esaslanan dini-idealistig dünýägaraýşyň formasy, tebigatdan daşary dünýä  ynanmaklyk.