SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MIW

MIÝE

MIZ

MIK

MIL

MIN

MIR

MIS

MIF

MIÇ

MIŞ


MIRABILI'T, him. Kristallaşan kükürt turşy natriý duzy. Mirabilit ýaly ýörite himiki çig mal zapaslarymyz bar («SSSR-in ykdysady geografiýasy»).


MIRAP [mi:ra:p], Ekerançylyk raýonlarynda ýaplara suw paýlamak işlerine ýolbaşçylyk edýän adam. 1—2 gezekde ýa-da 3 gezekde suwdan ganjak ýerlerini agronom we miraplar bilen birlikde kesgitleýäris (R. Ataew, Ýylanly raýon «Bolьşewik» pagtaçylyk kolhozynyň iş tejribesi). Mirap aga, men geldim, çägimi ber1 (A. Durdyrw, Saýlanan eserler).


MIRAPLYK [mi:ra.plyk], Mirabyň käri, wezipesi, mirapçylyk. Miraplyk oslagsyz birine ýetip galýar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


MIRAPÇYLYK [mi:ra:pçylyk], ser. M i r a p l y k.

Mirapçylyk oňa agyr düşdi («Sowet edebiýaty» žurnaly). Maňa miraglylyk hem gerek däl (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


MIRAS [mi:ra:s], 1.Nesilden-nesle geçýän mal, mülk. Ata-baba miras paýlaşygynda ýeten iki tanap boş ýeri we ýigrimi günden aýlanyp nobaty gelýän ýarym sagat suwy — Orsgeldiniň bar mülki-baýlygy hem şulardy (A. Gowşudow. Köpetdagyň eteginde). Olar indi ol mirasy öz çagalaryna dakmalydyrlar (A. Gowşudow, Saýlanan eserler).

2. Önki ötüp geçen nesillerden galan medeniýet, durmuş baýlygy, ýadygärligi. Magtymgulynyň edebi mirasyna biziň ýurdumyzda uly hormat goýulýar («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ulьýanowda güýçli Erk ösýär. Ol Erk ejesiniň ajaýyp mirasydy («Mydam taýýar» gazeti).


MIRASDAR [mi: ra:sda: r], ser. Mirasçy. Polşa tagtynyň mirasdary Ýadwiga Litwanyň beýik knýazy Ýagaýlo durmuşa çykypdyr (Orta asyrlar taryhy).


MIRASÇY [mi:ra:sçy], 1. Miras düşýän adam, mirasdüşer, mirasdar. Mirasçy aljyraňňilyk bilen oňa sag bol aýtdy (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler). 2. Öňden gelýän bir işi, ideýany dowam etdiriji. Dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň mirasçysy bolan sowet halky beýik rewolýutsion şahyr Genrih Geýnäniň ýadygärligini hormat bilen ýatlaýar («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MIRASDÜŞER [mi:ra:sdüşer], ser. M i r a s ç y.


MIRI [mi:ri], kön. s. Bir şaýa barabar ownuk puluň ady.