SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MIW

MIÝE

MIZ

MIK

MIL

MIN

MIR

MIS

MIF

MIÇ

MIŞ


MIWE [mi:we], 1. Ösümlikleriň getirýän hasyly, iýmiş. Adamlar miweler we käkler ýygnapdyrlar (Gadymy dünýä taryhy).

2. göç. m. Bir işiň netijesi, önümi. Gözüňi gamaşdyryp barýan ak pagtalary çalasyn elleri bilen çekip alýan kolhozçylar öňki çeken azaplarynyň bu günki miwesine guwanyp aýdym aýdýarlar (B. Pürliew, Ilkinji gün). Ähli sowet halky biziň ýaş sungatymyzyň ilkinji miwesine  «Aldarköse» milli baletimize we başgalara tomaşa edýär («Tokmak» žurnaly).

3. göç. m. Nesil, çaga.


MIWELEMEK [mi:welemek], 1. Miwe getirmek, iýmiş getirmek. Biderek biten agaçlar miweli agaçlary ösmege, miwelemäge goýmazlar (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda).

2. göç. m. Yzyňy ýörediji nesil emele gelmek, nesil ýetişmek. Tämiz sürüp, eken bagyň Miweläp ýetişdi, Lenin (Durdy Gylyç, Goşgular).


MIWELI [mi:weli], 1. Miwe getirýän, miwe býerýän. Jaýyň daş-töweregini bolsa beýik çynarlar hem miweli agaçlar bezeýärdi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Howlynyň içiniň giň meýdanynda üzüm dalbary we başga miweli agaçlary bardy (A. Gowşudow, Eserler). Onuň baran mekdebiniň bir gektar miwwli bagy bardy («Sowet edebiýaty» žurnaly). 2. Miwelerden taýýarlanylýan, miweden edilýän. Miweli içgiler.


MIWESIZ [mi:wesiç], 1. Miwe getirmeýän, miwe bermeýän, hasylsyz. Miwesiz agaçlar.

2. göç. m. Çagasy bolmaýan, nesilsiz, perzentsiz.


MIWEÇILIK [mi:weçilik], Oba hojalygynyň miweli ösümlikleri ösdürip ýetişdirýän pudagy. Miweçilik we bal aryçylyk sowhozlaryna kömek berdik («Mydam taýýap» gazeti).