SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MIW

MIÝE

MIZ

MIK

MIL

MIN

MIR

MIS

MIF

MIÇ

MIŞ


MINA, 1. Ýere gömülýän ýa-da suwa taşlanýan partlaýjy snarýadyň bir görnüşi. Ençe minadan soň gahryman  Žitkow ýaralandy, emma  sypmady ol aw (A. Nyýazow, Şygyrlar).

2. Minomiotyň oky.Birden minany  üstümize ýagyş ýaly ýagdyryp  başlady («Sowet edebiýaty» žurnaly).

3. ser. Torpeda.


MINALAMAK, Partlatmak, ýarmak  üçin  mina goýmak. Eger olar bu ýodany aňan bolsalar, onda onuň ugruny minalamaklary ýa-da başga zatlar bilen petiklemekleri mümkin (A.   Gowşudow,  Mähri—Wepa).


MINALANMAK, Partlatmak, ýarmak üçin mina goýmak. Minalanan ýerler.


MINALY, Mina goýlan, mina ýerleşdirilen, minalanan. Minaly meýdan.


MINARA [mina:ra], Beýik arhitektura desgasy, Din.  Anha, uzyn-uzyn gözel minaralar (B.  Kerbabaew. Aýsoltan). Patyşa şäherden sesъýetim uzakda, ýerde belent minara saldyrypdyr.


MINAÇY, Mina işiniň spetsialisti, minýor. Seriožka minaçy ýoldaşynyň ýanyna ylgap barýardy («Sowet biýaty» žurnaly).


MINERAL, him. Gazylyp alynýan peýdaly magdan, gabygynyň düzümnne girýän organiki däl himiki jisim. Ep-esli meýdana hem mineral dökünler döküldi.(«Sowet Türkmenistany» gazeti). Mineral we ýerli dökümleriň peýdalanylyşyny gowulandyrmaly («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MINERALLAŞDYRMAK, Organiki jisimleri minerala  öwürmek, mineral  birleşmelerine öwürmek.


MINERALLAŞMAK,   Minerala  öwrülmek, mineral birleşmelerine öwrülişmek  (organiki  jisimler hak-da). Kölüň kenarynda dürli derejede  minerallaşan kiçijik suw bulaklary joşup  çykýarlar. (M. G. Berdigylyjow,  Türkmenistanyň  kurortlary).


MINERALOG,   Mineralogiýa spetsialisti.


MINERALOGIÝA, Minerallar  hakyndaky ylym.


MINÝOR, ser. M i n a ç y. Frontda  türkmen  ýigidi minýor Gylyçnyýaz bilen duşuşdyk  («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MINIATÝURA, 1. Gadymy golýazmalarda, kitaplarda çekilen, reňkli, çaklaň suratjyklar.

2. Uly däl sungat eseri.


MINIATÝURI'ST, 1. Miniatýura suratyny çekýän hudožnik.

2. Teatral miniatýuralaryň awtory.


MNIMAL, Beýlekilere görä iň pes, iň az. Minimal möhlet. Minimal nyrh.


MINIMUM, Iň az san, iň az mukdar.

<> K a n d i-tlyk minimumy — ylymlaryň kandidaty diýen derejäni almaklyga degişli bolan ekzamenleriň jemi. Ol kandidatlyk minimumnyň üstünde tutanýerli işledi. («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly).

<>Tehniki minimum — möhüm tehniki limleriň jemi.


MINISTER, Ministerlige ýolbaşçylyk edýän hökümet çleni. Ol öz ministrleriniň üsti bilen edara edipdir (Orta asyrlar taryhy). Balyk senagaty ministeriniň bize iberen gutlag telegrammasynyň tekstini berýäris («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MIINISTERLIK, 1. Döwlet dolandyryşynyň bir pudagyna ýolbaşçylyk edýän merkezi hökümet edarasy. Suw hojalyk ministerligi.

2. Buržuaziýa parlamentarizmi sistemasynda: hökümetiň ministerler sostawy.


MINNET, 1. Igenç, iňirdi, teýene, gyjalat, gep, gürrüň. Seniň ölümden agyr minnetiňi çekip ýörjek dä(G. Muhtarow, G. Seýitliew, Çopan ogly).

2. Edilen ýaşlylygň gadyryny bilijilik duýgusy. Maňa ýer-suwy Sowet hökümeti berer, men minneti Sowet hökümetinden çekýän (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


MINNETDAR [minnetda:r], Bir zat üçin birinden hoşal bolan, gadyryny bilýän, borçdar. Olar özleriniň bu gurply we bagtly durmuşlary üçin mähriban Sowet döwletine we bolşiwikler partiýasyna minnetdardyrlar. Işde maňa-da kömek berýärsiň, köp sag bol, minnetdardyryn.! («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MINNETDARLYK [minnetda: rlyk], Birinden bir zat üçin minnetdar, hoşal bolmaklyk, gadyr bilijik, borçlulyk. Onuň wesъýetlerini minnetdarlyk bilen ýatlaýarlar («Pioner» žurnaly).

<> M i n n e t d a r l y k  bildirmek — biriniň eden ýagşylygy üçin hoşaldygyny duýdurmak. Kürt Ahmet minnetdarlyk bildirip, aganyň şol hormatynyň sebäbini pikirlenip başlady. (M. Ibrahimow, Ol gün geler).


MINNETLI, Igençli, iňirdili, teýeneli, gyjalatly. Minnetli tötek nan, ajy gep, urgy  Zähmetimiz üçin berilýän hakdy. Bir lukma nan üçin ýaşaran gözler çekipdi horluklar, minnetli sözler  («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MINNETSIZ, Igençsiz, iňirdisiz, teýenesiz, gyjalatsyz.


MINOMÝOT, Mina oky atylýan ýarag. Top we minomýotlaryň gümmürdisi ýerleri sarsdyrýardy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


MINOMÝOTÇY, Minomýot bölümleriniň we podrazdelenneleriniň harby gullukçysy.


MINONONSETS, harby, deňizç. Güýçli torpeda, ýaragly harby gämi.


MINTAÝ. zool. Balygyň bir görnüşi, örküçli balyk. Okeanlaryň hemmesinde diýen ýaly mintaý balyklaryna meňzeş balyklar ýaşaýarlar («Mydam taýýar» gazeti).


MINUT, 1. 60 sekuntdan ybarat wagt ölçegi, bir sagadyň altmyşdan bir bölegine barabar wagt ölçegi. Bu gijäniň galanja sagatlarynyň-da her iki minutyndan bir oýanmaly boldum («Tokmak» žurnaly).

2. Azajyk wagt, sähelçe wagt. Iberseler, bir minut hem durman gitgin! (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Bir minut dek oturma, Wagtyňy boş ötürme (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler). Şu gürrüňden soň minut-da geçmändi (B. Gurbanow, Duşuşyk).


MINUTLYK, 1. Az salymlyk, gysga möhletlik, az wagtlyk. Ýerli-ýerden hasanaklaşyp galan adamlaryň beýnilerini minutlyk galagapluk gaplap aldy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Minuta deň bolan. On minutlyk arakesme.


MINUTMA-MINUT, Her minutda, minutsaýyn. Çüýşeler minutma-minut parkyldaşyp açylýardy (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler).


MINUTSAÝYN [minutsa:ýyn], Her minutda, minut geçdigiçe. Watanmyzy goramaga, Taýýardyrys minutsaýyn (Ata Salyh, Saýlanan eserler). Şofior minutsaýyn ýoldan azaşýardy («Sowet Türkmenistany» gazeti).