SÖZLÜG

ZOW

ZOG

ZOK

ZOL

ZOM

ZON

ZOŇ

ZOO

ZOR


ZOL [zo:l] I, ser. Z o l a k. Käbir gülälekli zollar  bolsa gül pürkülen ýaly gyzgylt öwşün atýar. Her hili üzümler özbaşyna bir zol bolup gidýärdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ZOL [zo:l] II, Yzyny uzmän, her gezek, birsyhly, garşy-garşy, häli-şindi. Zol görmesem güllän ýüzňi, Takat tapman gysýar ýürek ( N. Pomma , Saýlanan eserler). Leýtenant zol yzyna gaňrylyp garaýardy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ZOLAK [zo:lak], 1. Matanyň ýüzüne gelşik üçin edilýän inli zol-zol çyzmyklar. Ganatlarynyň üstünde zolak ak çyzmyklar bar (N. A. Iwanow, Guşçulyk , maldarçylygyň iň möhüm pudaklaryndan biridir).

2. Giňişligiň inçeden bir ugra uzap gidýän bölegi. Kurort dag etegi bilen sähra zolagynyň araçäginde deňiz derejesinden 157 metr belentlikde ýerleşendir (M. G. Berdigylyjow, Türkmenistanyň kurortlary).

3. Bir zadyň uzap gidýän ugry bilen gögerýän ýa-da ýerleşýän ýeri, meýdany. Uly derýalaryň ugrunda tokaý zolaklary döredilýär («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly).


ZOLAK-ZOLAK [zo:lak-zo:lak], Zolaklary bar bolan, zol-zol, zolakly, zolly. Zolak-zolak matadan tikilen köýnek. Zolak-zolak çyzmykly kostýum.


ZOLAKLY [zo:lakly], ser Z o l a k-z o l a k Gyzyl zolakly pižamasyny geýmäge durdy (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


ZOL-ZOL [zo:l-zo:l] I, ser Z o l a k-z o l a k. Çüýden asylgy zol-zol ýaşyl pižamasyny alyp, sandyraklap geýindi («Tokmak» žurnaly).


ZOL-ZOL [zo:l-zo:l] II, Gaýta-gaýta, garşy-garşy, öwrän-öwrän, birsyhly. Ol bir zatlary aýdyp, zol-zol bizi güldürýär («Sowet Türkmenistany» gazeti). Sygryň zol-zol molap durmagyna, Sonanyň nebsi agyrdy.


ZOLLY [zo:lly], ser. Z o l a k l y. Onuň egninde iňlis matasyndan geýim, aýagynda gök hem gyzyl zolly, üsti açyk tufli, başynda bolsa şlýapady (M. Ibrahnmow, Ol gün geler).