ZOO |
Z00, Goşma sözleriň «haýwanat, zoologik» diýen manyny berýän birinji bölegi. Zooparkhaýwanat bagy. ZOOWETERINAR, Oba hojalyk mallaryny ösdürip ýetişdirmeklige, iýmitlendirmeklige we dogry peýdalanmaklyga degişli bolan. ZOOGEOTRAF, Zoogeografiýa boýunça spetsialist. ZOOGEOGRAFIK, Zoogeografiýa degişli bolan. ZOOGEOGRA'FIÝA, Ýer şary boýunça haýwanlaryň bölünişini öwrenýän ylym, zoologik geografiýa. ZOOGIGIE'NA, Haýwanlaryň saglygyny goramak baradaky ylym. ZOO'LOG, Zoologiýadan spetsialist. ZOOLOGIK, Zoologiýa degişli bolan, zoologiýa has bolan. ZOOLOGIÝA, Haýwanat dünýäsini öwrenýän ylym. Botanikanyň ösümlikleri öwrenişi ýaly, zoologiýa hem haýwanlary öwrenýär (W. F. Şalaew, N. A. Rykow, Zoolgiýa). Respublikamyzyň mekdeplerinde botanika we zoologiýa predmetleri RSFSR-iň okuw kitaplary we programmalary esasynda okalýar («Mugallьşlar gazeti»). ZOOPARK, Haýwanat parky. ZOOSA'D, Haýwanat bagy. ZOOTE'HNIK, Zootehnikadan spetsialist. Men agronom, ýoldaşym. bolsa zootehnik (B. Pürliew, Ilkinji gün). Salam, ýoldaş zootehnik! diýip, ol Nazara elini uzatdy («Sowet edebiýaty» žurnaly)'. ZOOTE'HNIKA, Oba hojalyk mallaryny ösdürip ýetişdirmek, saklamak usullary baradaky ylym. ZOOTEHNIKI, Zootehnika degişli bolan, zootehnika esaslanýan. Zootehniki hyzmat edilişiniň gowulandyrylmagy üstünlik gazanmaga kömek berdi («Sowet Türkmenistany» gazeti). |