SÖZLÜG

ZOW

ZOG

ZOK

ZOL

ZOM

ZON

ZOŇ

ZOO

ZOR


Z0'NA, Belli bir çägiň aralygyndanky giňişlik, bir ugrun boýy,- giden bir ýer, belli bir çäk. Häzir geofiziki ýylyň programmasyna laýyklykda ekwatorial zonada seýsmik we başga ylmy stantsiýalar işleýärler («Mugallymlar gazeti»). Ol trest guýulary, howuzlary heniz hem medeni zonalaryň ýakynynda gazýar («Sowet Türkmenistany» gazeti).


ZONAL, Zonalar boýunça, zonalarda ýerleşen, zonalara bölünen, zona degişli. Ýolöten zonal tejribe stantsiýasynyň agrotehnika bölüminiň müdiri doklad etdi. («Sowet Türkmenistany» gazeti). Bu ýerde SSSR-de birinjiligi almak ugrundaky XXIII zonal küşt ýaryşynyň ýapylyşy boldy («Sowet Türkmenistany» gazeti).


ZOND, 1. Topragyň aşak gatlaklaryny barlamak üçin ulanylýan gural.

2. Meteorologik gözegçilikleri geçirmek üçin hyzmat edýän, özi ýazýan guraly uly bolmadyk howa şary.


ZONT, ser. Z o n t i k.


ZO'NTIK, ser. S a ýa w a n.