SÖZLÜG

ZOW

ZOG

ZOK

ZOL

ZOM

ZON

ZOŇ

ZOO

ZOR


ZOR [zo:r], 1. Güýç, kuwwat, gujur. Zorum-kuwwatym ýok, baksam sagtyma, Gerdenime pelek urdy neşäni (Mollamurt, Saýlanan eserler). Ganymlardan aldyň ary, Kuwwatlandy goluň zory (Durdy Gylyç,Goşgular).

2. Güýçli, kuwwatly, gujurly. Işde tutanýerli zor ägirtlere Hormatly ken salam Ata Salyhdan (Ata Salyh, Saýlanan eserler). Ýagyş dogrudan hem zor ýagýardy («Sowet edebiýaty» žurnaly).

3. Oňat, gowy, ök-de, gaýratly. Ol zor ýygymçy (A. Durdyew, Saýlanaň eserler). Maşynlaryň hem özüň zor işleýäň bat bilen (N. Pomma, Saýlanan eserler).

* Zor bermek — köp güýç sarp etmek, güýçli hereket etmek, bir işe janypkeşlik bilen ýapyşmak, zor salmak, gaty agram salmak.

Zor salmak — ser. Zor bermek. Men aýak çekip, gulagyma näçe zor salsam-da, ýaňky inçejik ses gaýtalanmady («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Zor e t m e k — zorluk etmek, güýç görkezmek. Başlyk zor edip durmady («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Z o r a  d ü ş m e k — zorluk görmek, zoraýakdan, zora galyp etmek. Atam meni zora düşüp barýandyr hyýal etmesin («Görogly» eposy).


ZORAMAK [zo:ramak], 1. Güýçlenmek, zarplanmak, batlanmak. Moskwadan ýüzlenipdir başlarmyz, Zaiom bilen gaty zoran işlermiz (Mollamurt, Saýlanan eserler).

2. Güýçli, kuwwatly bolmak, zor bolmak.

3. Köpelmek, artmak, joşmak. Derýanyň suwy, zoraýar.


ZORAÝAKDAN [zo:raýakdan], Zorluk bilen, güýç bilen, zora galyp, nalaç.


ZORDAN [zo:rdan], 1. Zor bilen, güýç bilen, kynlyk bilen. Ol ýaglygy zordan çözdi (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Kä ýerlerine suw ýygnanan ýol bilen gelýän ýük maşyny zordan ýöreýär («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Çala, çalaja. Ýygnak açyk howada geçýärdi, pelteli çyra prezidium stoluny zordan ýagtyldýardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Bu sesi diňe gulagy mis ýaly adamlar zordan eşidip bilse-de, nämedigini aňşyryp bilýän ýok däldi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

3. Göwünli-göwünsiz, çala. Aýna zordan seslendi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ZORLAMAK [zo:rlamak], 1. Bir zady güýç bilen etdirmek, zorluk etmek, mejbur etmek. Eziz han aglatdy Tejen ilini, Urup, zorlap, talap aldy malyny (Ata Salyh, Saýlanan eserler). Häkilmülk owadanlygy meşhur aýaly, Merýemi zorlap alyp gaýdypdy (M. Ibrahimow, Ol gün geler).

2. Zoerluk bilen namysyna degmek (aýal"gyzlar hakda). Ol Gülennamy zorlapmyş («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ZORLANMAK [zo:rlanmak], 1. Zor edilmek, zor güýç bilen etdirilmek, zorluk edilmek, mejbur edilmek .

2. Zorluk bilen namysyna degilmek (aýal-gyzlar hak da). Zorlanýan uýalaň, bütin namysy, Otlanýan ýerleriň beýigi, pesi — Ur! Öldür! — diýýärler, faşist näkesi! (R. Seýidow, Eserler). 3. Örän güýçli bolmak (nahar hakda). Agşamdan galan nahar zorlanypdyr.


ZORLATMAK [zo:rlatmak] I, 1. Zorlamaga mejbur etmek, bir zady zor bilen etdirtmek, zorluk etdirtmek, mejbur etdirtmek.

2 Namysyna degmäge mejbur etmek, namysyna degdirtmek (aýal-gyz hakda).


ZORLATMAK II,  gepl   d   ser   Zörletmek.

ZORLUK [Zo:rluk], 1. Adama edilýän sütem, jebir--jepa, güzap. Bu zorlugy ynsan görüp bilermi? (Çary Aşyr, Poemalar). Ene-gyz titreşip, çykdyk şo gije Jogap berip bilmän zorluga—güýje («Sowet edebiýaty»žurnaly).

2. Zory barlyk, güýçlülik, kuwwatlylyk Onuň bizden zorlugy mälim boldy .

* Zorluk etmek — sütem etmek, jebir bermek, horlamak.


ZORLY [zo:rly], 1. Örän güýçli (tagam hakda). Zorlusyndan içipdir içe bilenini! (M. Gorьkiý, Ene).

2. Duzy artyk düşen, duzly. Naharymyz gaty zorly bolupdyr.


ZORRUK, 1. Gödek, ýogyn (ses hakda). Işikden boýnuny uzadyp, zorruk sesi bilen gygyrdy («Tokmak» žurnaly).

2. göç. m. Gorkak, bolgusyz. Ýeri, zorruk, keýpler neneň? — diýip, garaýagyz oglana ýüzlendi.