SÖZLÜG

ZOW

ZOG

ZOK

ZOL

ZOM

ZON

ZOŇ

ZOO

ZOR


ZOM [zo:m], Ämärt, gödeksi, dyzmaç, gödek güýç bilen dyzaýan.


ZOMAMAK [zo:mamak], 1. Güýç bilen öňe omzamak, göwräňi öňe itip dyzamak, agram salmak. Märekeniň içinde öňe zomamak.

2. Zor salyp öňe süýşmek, sürünmek, öňe tarap hereket etmek. Duşman aljak bolup,nebti, gallany, Öňe zomap, iýýär gyzgyn gülläni (Nury Aýanagylyç, Saýlanan eserler). Öňkiň ýaly zomap, gelmeseň gerek (Ata Salyh, Saýlanan eserler).


ZOMPA, Duýdansyz, birden. Garaňky köçeleriň birinden iki sany ýaş ýigit zompa çykdy (N. Pomma, Egri eýikmez).Onuň öňünden kaskaly iki sany gara zompa çykdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ZOMPARMAK, Depesi çürelmek, zürrelmek, dik görünmek. Onuň telpeginiň depesi zomparyp durdy.


ZOMPULDAMAK, Bir zadyň içinden birden çykmak, birden peýda bolmak, zompa çykmak. Zompuldap suwdan çykmak.


ZOMPULDAŞMAK, Yzly-yzyna zompuldamak, yzly-yzyna zompa çykmak, görünmek. Suwa düşýän çagalar birden suwa çümüp, zompuldaşyp çykýarlar.